Syýahatçylyk barada gyzykly maglumatlar berýän «TripAdvisor» saýty gezelenç etmek üçin dünýäniň iň gowy ýerleri barada maglumat ýaýratdy. Bu sanaw her ýyl ulanyjylaryň ses bermegi arkaly taýýarlanýar. «Travellers Choice 2020 – Best of the Best» (Jahankeşdeleriň saýlawy 2020 – gowudan gowusy) atly sanawa dünýäniň dürli ýerlerinden 25 şäher girizilipdir. Ilkinji onlukda Ýewropanyň şäherleriniň köplügi ünsüňi çekýär.
1) London. Beýik Britaniýanyň paýtagtynda dünýäniň dürli ýerlerinden gelen halklaryň wekilleri köp ýyldan bäri ýaşaýarlar. Şeýle bolansoň, bu ýerde dürli medeniýetlere degişli gymmatlyklar jemlenen. Şäherde taryhy binalar, meşhur restoranlar, Temza derýasynyň üstünden geçýän täsin binagärligi bilen tapawutlanýan köprüler şäheriň iň gelim-gidimli ýerleri hasaplanýar.
2) Pariž. Fransiýanyň paýtagty soňky ýyllarda iň köp syýahatçy kabul edýän şäherleriň sanawynda öňdeligi eýeleýär. Şäheri ikä bölýän Sena derýasynyň kenaryndaky dünýä belli Eýfel diňi, taryhy binalar, Luwr muzeýi, gadymy ybadathanalar, ýanýodalaryň gyrasynda açyk asmanyň aşagyndaky kafelerde hödürlenýän dürli tagamlar, sowgatlyk harytlary satýan dükanlar bu ýere gelýän syýahatçylary özüne bendi edýär.
3) Krit. Ortaýer deňzindäki adalar owadan tebigaty, arassa kenarýakalary, güneşli howasy bilen syýahatçylary özüne bendi edýär. Grek adalarynyň iň meşhury Krit hasaplanýar. Bu ada Ýewropa medeniýetiniň doglan ýeri hasaplanýar. Ýumşajyk çägeli adada gadymy ýadygärlikler az däl.
4) Bali. Bu ada diňe Indoneziýanyň däl, eýsem, bütin dünýäde janly tebigatyň köpdürlüligi boýunça öňdebaryjy ýerleriň biridir. Ownujak çägeli deňiz kenarynda gezelenç etmek, suwasty jandarlara, merjen gaýalyklaryna we onlarça ýyl ozal batan gämileriň harabalyklaryna syn etmek bu ýere gelýän syýahatçylaryň iň gowy görýän pişesidir. Gury ýerdäki sümme tokaýlar, daşdan gurlan taryhy binalar we bezzat maýmynlar jahankeşdelerde täsin ýatlamalary galdyrýar. Sungatyň paýtagty hasaplanýan Ubud şäherinde bolsa, milli tanslara tomaşa edýän myhmanlar, irki döwürlerden bäri dowam edip gelýän mata boýamak ýa-da kümüş şaý-sepleri ýasamak bilen meşgullanýan senetçileriň ussahanalaryna baryp görýärler.
5) Rim. Italiýanyň paýtagtyny bir günde gezip gutaryp bolmaýandygy aýdylýar. Şäher açyk asmanyň astyndaky giň muzeýi ýatladýar. Kolizeýa toplumyny, muzeýleri, balkonly jaýlary, açyk meýdanda gurlan bazarlary we biri-birinden owadan heýkellerdir binalary görmek üçin birnäçe sagatlap aýlansaň hem wagtyň nädip geçenini duýmaýarsyň. Şäher suw çüwdürimleri bilen hem tanalýar. Rimdäki taryhy Trewi çüwdürimi içine şaýy puly atmak däbi bilen tanalýar. Bu ýere şeýle bir köp pul atylýar welin, mahal-mahal şol teňňeleri ýygnaýarlar. Ýygnalan pul şäherdäki muzeýleriň birnäçesinden has köp girdeji getirýär. Italýan aşpezleriniň hamyrdan taýýarlaýan tagamlaryny dadyp gören myhmanlar ony ömürboýy ýatdan çykarmaýarlar.
6) Phuket. Tailandyň günortasyndaky pessaý deňiz kenarlary bolan adada Günüň ýaşýan pursaty asman dünýäniň beýleki ýerlerindäkiden tapawutlylykda gülgüne reňke öwrülýär. Uzyn gaýyklar öz myhmanlaryny dik depeleriň arasynda aýlaýar. Ada bilen adybir şäheriň köçelerindäki üç tigirli ulaglara münmek myhmanlar üçin has hem gyzyklydyr. Deňizde sörfing, suwa çümmek we ýüzmek ýaly sportuň görnüşleri bilen meşgullanmaga hem mümkinçilikler bar. Deňizden uzak ýerlerde agaçlara bürenip oturan depeler we daglar bolsa myhmanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar.
7) Sisiliýa. Ortaýer deňziniň iň uly adasyny Italiýanyň beýleki sebitleri bilen Messina bogazy bölýär. Daglyk sebit bolan Sisiliýanyň töwereginde başga-da ululy-kiçili adalar bar. Irki döwürlerde bu ýerde grekler, rimliler, normandiýalylar, katalanlar we wizantiýalylar höküm sürüpdirler. Şol halklaryň guran kaşaň binalary häzirki wagtlara çenli gelip ýetipdir. Sebitiň esasy şäheri Palermoda Wizantiýanyň harabalyklary, galalary we beýleki binalar bar. Adadaky kiçiräk şäherlerde hem muzeýler bar. Agrijento şäherinde has irki döwürlerden galan taryhy ýadygärlikler bar.
8) Malýorka. Ispaniýa degişli bolan ada ýaz paslynyň ilkinji günlerinden başlap öz myhmanlaryny kabul edýär. 900 müňe golaý ilaty bolan adada halkara aeroport hem hereket edýär. Adanyň esasy şäheri hem-de beýleki Balear adalarynyň paýtagty hasaplanýan Palma-de-Malýorka bilen beýleki şäherleriň arasynda köne otly gatnaýar. Irki döwürleri ýatladýan bu otly arkaly edilýän gezelenç tebigy gözellikleri ýakyndan görmäge mümkinçilik döredýär. Adada delfinler we düwlenler bilen ýerine ýetirilýän çykyşlar esasan maşgalasy bilen dynç alýanlaryň has köp isleg bildirýän güýmenjesi hasaplanýar. Şeýle hem deňiz kenarynda çagalaryň ýüzmegi üçin niýetlenen ýörite ýerler bar.
9) Barselona. Futbol bilen meşhurlyk gazanan şäher özboluşly binagärlik sungaty bilen hem belli ýerleriň biridir. Galalar, ýadygärlikler we beýleki taryhy ýerler bilen bir hatarda Güell seýilgähi hem şäheriň dünýäde meşhurlyk gazanan ýerleri hasaplanýar.
10) Stambul. Sanawyň ilkinji onlugynyň soňky basgançagynda ýerleşen şäher Ýewropa bilen Aziýany bölýän deňiz bogazynyň iki ýakasynda ýerleşýär. Şäher dürli döwürlerde dürli döwletlere degişli bolupdyr. Şäheriň taryhy ýarymada diýlip atlandyrylýan tarapynda has köp taryhy eser, şol sanda ybadathanalar saklanyp galypdyr. Stambulyň Ýewropada galýan tarapy Balkan ýarymadasynyň günortasynda ýerleşýär. Şäher muzeýleri, gala diwarlary, bazarlary bilen bir hatarda deňiz kenaryndaky kaşaň binalary we köşkleri bilen meşhurdyr. Şäherde geçen asyryň başlarynda ýewropaly binagärler dürli binalary, heýkelleri we beýleki binagärlik eserleriň köpsanlysyny gurupdyrlar.
Bulardan başga-da sanawa Goa (Hindistan), Dubaý (Birleşen Arap Emirlikleri), Dominikan Respublikasy, Bangkok (Tailand), Hanoý (Wýetnam), Praga (Çeh Respublikasy), Hoýan (Wýetnam), Rodos (Gresiýa), Kuba, Siemreap (Kamboja), Marrakeş (Marokka), Lissabon (Portugaliýa), Tokio (Ýaponiýa), Kioto (Ýaponiýa) we Nýu-Ýork (ABŞ) şäherleri girizilipdir.