Es­to­ni­ýa­nyň par­la­men­tin­de Pre­zi­dent saý­la­wy­nyň il­kin­ji tap­gy­ry ge­çi­ril­di. Bi­rin­ji tap­gy­ra gat­naş­mak üçin üç da­laş­gär ha­sa­ba alyn­dy. Bu ba­ra­da Res­pub­li­ka­nyň saý­law ko­mis­si­ýa­sy ha­bar ber­ýär. Es­to­ni­ýa­nyň Pre­zi­den­ti 5 ýyl­lyk möh­le­te saý­lan­ýar.
Ýur­duň hä­zir­ki Pre­zi­den­ti Too­mas Hend­rik Il­we­siň 2016-njy ýy­lyň güý­zün­de bu we­zi­pe­däki ikin­ji möh­le­ti­ ta­mam­la­ýar, şo­nuň üçin Kons­ti­tu­si­ýa la­ýyk­lyk­da, onuň üçün­ji möh­le­te saý­lan­ma­gy­na hu­ku­gy ýok. Es­to­ni­ýa­nyň pre­zi­dent­li­gi­ne da­laş­gär­le­ri ha­sa­ba al­mak işi pen­şen­be gü­ni baş­lap, ýek­şen­be gü­ni ta­mam­lan­dy. Ýur­duň iň ýo­ka­ry döw­let we­zi­pe­si­ne da­laş et­mek üçin de­pu­tat­la­ryň 21-si­niň go­ly­ny ýyg­na­mak ýe­ter­lik bol­ýar.
Res­pub­li­ka­nyň saý­law ko­mis­si­ýa­sy 3 da­laş­gä­ri ha­sa­ba al­dy. Olar: öň­ki bi­lim we ylym mi­nist­ri, de­pu­tat Maý­lis Reps (1975-nji ýyl­da dog­lan), ak­law­çy Al­lar Ýyks (1965-nji ýyl­da dog­lan) hem-de Par­la­men­tiň baş­ly­gy Eý­ki Nes­tor (1953-nji ýyl­da dog­lan). Ol ýur­dy do­lan­dyr­ýan So­si­al-de­mok­rat par­ti­ýa­sy­nyň hem-de Re­for­ma­çy­lar par­ti­ýa­sy­nyň da­laş­gä­ri hök­mün­de gör­ke­zil­di.
Es­to­ni­ýa­da Pre­zi­dent saý­la­wy iki de­re­je­de ge­çi­ril­ýär. Il­ki­baş­da, döw­let baş­tu­ta­ny­ny par­la­ment saý­la­ma­ga sy­na­nyş­ýar. Ses be­riş­li­giň 3 tap­gy­ry­nyň ne­ti­je­si bo­ýun­ça da­laş­gär­ler ge­rek­li bo­lan se­si alyp bil­me­dik ha­la­tyn­da, bu sy­ýa­sy çä­re saý­law we­kil­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da do­wam et­di­ri­ler. De­pu­tat­lar­dan hem-de ýer­li do­lan­dy­ryş ul­ga­my­nyň we­kil­le­rin­den yba­rat saý­law we­kil­le­ri dö­re­di­ler. Da­laş­gär­le­re ýe­ňiş ga­zan­mak üçin de­pu­tat­la­ryň üç­den iki bö­le­gi­niň se­si­ni al­ma­gy ge­rek, ýag­ny 101 de­pu­tat­dan azyn­dan 68-si­niň gol­da­wy ge­rek bol­ýar. Bi­rin­ji tap­gyr­da ne­ti­je ga­za­nyl­ma­sa, on­da ikin­ji we üçün­ji tap­gyr­lar ge­çi­ri­ler.
Saý­law we­kil­le­ri 101 de­pu­tat­dan hem-de 234 ýer­li do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ryň we­kil­le­rin­den dur­ýar. Bu ýer­de iň köp se­si alan da­laş­gär Pre­zi­dent­li­ge saý­lan­ýar.