Por­tu­ga­li­ýa­nyň öň­ki Prem­ýer-mi­nist­ri An­to­niu Gu­ter­riş Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş sek­re­tar­ly­gy saý­la­wyn­da öň­de bar­ýar. Hä­zir­ki wagt­da BMG-niň Howp­suz­lyk ge­ňe­şin­de saý­la­wyň üçün­ji tap­gy­ry ge­çi­ril­di. Bu ba­ra­da “Frans Press” ha­bar­lar gul­lu­gy ha­bar ber­ýär.
An­to­niu Gu­ter­riş Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň dü­zü­min­de-de iş­län­di­gi üçin onuň bu ugur­da baý tej­ri­be­si bar. Ol bir dö­wür BMG-niň bos­gun­lar bo­ýun­ça Ýo­ka­ry ko­mis­sa­ry we­zi­pe­sin­de iş­le­di. Ol hä­zir BMG-niň Baş sek­re­tar­ly­gy­na da­laş ed­ýär. BMG-niň Howp­suz­lyk ge­ňe­şin­de ge­çi­ri­len saý­la­wyň üçün­ji tap­gy­ry­nyň ne­ti­je­si bo­ýun­ça ol beý­le­ki da­laş­gär­ler­den öň­de bar­ýar. Soň­ky ge­zek ol 11 ses al­dy. Ikin­ji orun­da Slo­wa­ki­ýa­nyň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Mi­ros­law Laý­çak bar­ýar, ol 9 ses al­dy. Ol Slo­we­ni­ýa­nyň ozal­ky Pre­zi­den­ti Da­ni­lo Turk­dan öňe saý­lan­dy. Ozal­ky ses be­riş­lik­de Da­ni­lo Turk ikin­ji orun­da bar­ýar­dy.
Hä­zir­ki wagt­da BMG-niň Baş sek­re­tar­ly­gy üçin 10 da­laş­gär bäs­leş­ýär. Go­laý­da Çernogoriýanyň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Igor Luk­şiç da­laş­gär­lik­den çe­kil­ýän­di­gi­ni ha­bar ber­di. Ol mu­nuň üçin BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 70-nji ses­si­ýa­sy­nyň baş­ly­gy Mo­gens Lýuk­ke­to­fa res­mi hat iber­di. Igor Luk­şiç Hor­wa­ti­ýa­nyň ozal­ky da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Wes­ba Pu­siç­den soň­ra da­laş­gär­li­gi­ni yzy­na alan ikin­ji sy­ýa­sat­çy bol­dy.