Kä­bir dil­de örän az adam gep­leş­ýär. Hatda, bary-ýogy 50-60 adamyň bilýän dilleri hem bar.
Pa­pua-Tä­ze Gwi­ne­ýa­da ro­to­kas di­lin­de gep­leş­ýän 4300-den gow­rak ilat ýa­şa­ýar. Ro­to­kas elip­bi­ýin­de 11 harp bar.
Kam­bo­ja­nyň res­mi di­li bo­lan hmer­çe­de 74 harp bar.
Rus di­lin­de «A» har­py bi­len baş­la­ýan söz­le­riň ag­la­ba­sy beý­le­ki dil­ler­den ge­çen­dir.
Is­pan­ça­da so­rag söz­le­mi­niň ba­şyn­da hem-de so­ňun­da so­rag bel­gi­si go­ýul­ýar. Ola­ryň bi­ri adat­da­ky­sy ýa­ly söz­le­miň so­ňu­na, beý­le­ki­si ba­şa­şak gör­nüş­de söz­le­miň ba­şy­na go­ýul­ýar. My­sal üçin, «Nä­hi­li ýag­daý­la­ry­ňyz?» ma­ny­syn­da­ky söz şeý­le ýa­zyl­ýar: «¿Cómo estás?». Ýüz­len­me söz­lem­le­ri hem şeý­le.
Arap we pars dil­le­ri sag­dan çe­pe ýa­zyl­ýan­dy­gy üçin so­rag bel­gi­si ter­si­ne (؟) go­ýul­ýar. Grek­çe­de bol­sa, so­rag bel­gi­si­niň ýe­ri­ne no­kat­ly otur (;) go­ýul­ýar.
Iň­lis ede­bi­ýa­ty­nyň iň ir­ki äh­mi­ýet­li ese­ri «Beo­wulf» poemasy ha­sap­lan­ýar. Ga­dy­my iň­lis di­lin­dä­ki bu eseriň IX-X asyr­lar­da ýa­zy­lan­dy­gy çak­la­nyl­ýar.
Her ýyl­da iň­lis di­li­niň söz­lü­gi­ne mü­ňe go­laý tä­ze söz gi­ri­zil­ýär. Iň­lis di­li­ni öw­ren­mek­de iň yg­ty­bar­ly çeş­me­le­riň bi­ri ha­sap­lan­ýan Oksford söz­lü­gi­niň ge­çen aý­da­ky nus­ga­sy­na 400 sa­ny tä­ze söz gi­ri­zil­di.