“Arianespace” kompaniýasynyň raketasy arkaly Fransuz Gwineýasyndan uçurylan raketa arkaly iki sany emeli hemra hem-de bir sany enjam kosmosa uçuryldy. “Ariane 5” atly raketa bu kosmodromdan uçurylan 300-nji uçuş hökmünde hasaba alyndy. “SpaceX” hem-de “Boeing” ýaly bäsdeşleri bolan kompaniýa söwda maksatly kosmos uçuşlaryny amala aşyrýar. Uçuşyň üstünlikli tamamlanandygy we bir sagatdan soňra kosmos enjamlarynyň öz orbitasyna ýerleşendigi mälim edildi. 31-nji iýulda amala aşyrylmaly uçuş käbir sebäplere görä yza süýşürilmeli bolupdy. Raketa uçurylmagyna bary-ýogy iki minut galanda duruzylypdy. Onuň sensorlarynyň birinde ýüze çykan näsazlyk düzedilmek üçin öndürilen desgasyna yzyna äkidilipdi. Mesele aradan aýrylandan soňra gaýtadan kosmodroma getirilipdi. Kosmosa uçurylan emeli hemralar ekwatordan hasaplanda 35 müň kilometr belentlige çykaryldy. “Araine 5” arkaly atmosferanyň daşyna çykarylan emeli hemralaryň biri Demirgazyk Amerikada hyzmat hödürleýän “Galaxy 30” teleýaýlymy üçin niýetlenen. Beýlekisi bolsa, “MEV-2” enjamy bolsa, beýleki emeli hemralara ýangyç guýmak üçin işlenip düzülipdir. Üçünji enjam bolan “BSAT-4b” bolsa, Ýaponiýada 8K we 4K ýaýlym üçin peýdalanylar.