Is­pan aw­tou­lag bren­di SE­AT esas­lan­dy­ryl­ma­gy­nyň 70 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li ýö­ri­te ser­gi gura­dy. Bu ser­gi­de di­ňe bel­li bir mak­sat üçin, ýe­ke-täk ýa-da az san­ly­sy ön­dü­ri­len aw­tou­lag­lar gör­ke­zil­ýär. Ulag­la­ryň kä­bi­ri bel­li şah­sy­ýet­ler üçin ön­dü­ri­len bol­sa, kä­si nus­ga­lyk gör­nüş­de taý­ýar­la­nyp­dyr. Ine, ýol he­re­ke­tin­de ga­bat ge­lip bol­ma­ýan ulag­la­ryň kä­bi­ri.

Elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän «To­le­do». 1992-nji ýyl­da Olim­pi­ýa oýun­la­ry Bar­se­lo­na­da ge­çi­ril­ýär. Iň uly hal­ka­ra sport ýa­ry­şy­nyň açy­lyş da­ba­ra­syn­da Olim­pi­ýa ala­wy­nyň ýa­ny bi­len elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän aw­tou­lag hem gid­ýär. Ada­ty «To­le­do» ula­gy 1015 ki­log­ram bol­sa, elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän gör­nü­şi­niň ag­ra­my 1545 ki­log­ra­ma ba­ra­bar bo­lup­dyr. 16 sa­ny ba­ta­re­ýa otur­dy­lan elekt­ro­kar bir ge­zek­ki zar­ýa­dy bi­len 55 km ýol ge­çip bil­ýär. Bu ulag Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň soň­ky gü­nün­de ge­çi­ri­len ma­ra­fon ýa­ry­şyn­da hem ula­nyl­ýar. Ýa­ryş­da ýe­ňi­ji bo­lan 22 sa­ny is­pan tür­ge­ni­niň her bi­ri­ne ola­ryň öz­le­ri üçin ýö­ri­te taý­ýar­la­nan «To­le­do Po­di­um» sow­gat be­ril­ýär.
Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, Olim­pi­ýa oýun­la­ry üçin ýö­ri­te en­jam­lar bi­len bir ha­tar­da aw­tou­lag­lar iş­le­nip dü­zül­ýär. 1980-nji ýyl­da Mosk­wa­da ge­çi­ri­len Olim­pi­ýa oýun­la­ry üçin RAF (Rīgas Au­to­bu­su Fab­ri­ka) mik­ro­aw­to­bu­sy­nyň üs­tü­ne Gün pa­nel­le­ri otur­dy­lan, elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän gör­nü­şi taý­ýar­lan­ýar. «RAF-2910» at­ly bu ulag ýa­ryş­lar ta­mam­la­nan­dan soň­ra gü­neş­li ýur­du­my­za ibe­ril­ýär. Bü­tin­so­ýuz yl­my-bar­lag ins­ti­tu­ty­nyň hü­när­men­le­ri bi­len bi­le­lik­de türk­men ge­lio­teh­nik­le­ri Aş­ga­bat­da bu ula­gy sy­nag­dan ge­çir­me­gi do­wam et­dir­ýär­ler. Has hem kä­mil­leş­di­ri­len «RAF-2910» 1983-nji ýyl­da sa­gat­da 50 km tiz­lik­de, bir ge­zek­ki zar­ýa­dy bi­len 100 km ara­ly­gy geç­mä­ge ukyp­ly edil­di.
Myh­man­lar üçin ni­ýet­le­nen ulag. Kom­pa­ni­ýa­ 1956-njy ýyl­da önüm­çi­lik des­ga­sy­na gel­ýän myh­man­la­ry aý­la­mak üçin «1400 Visi­tas» at­ly ýo­kar­sy açyk ula­gy ön­dür­ýär. 2005-nji ýyl­da bu ulag tä­ze­len­ýär. Ýö­ri­te mo­de­liň tä­ze di­zaý­ny­ny ozal bu ýer­de zäh­met çe­ken ne­pa­ga­da­ky hü­när­men­ler taý­ýar­la­ýar.
Üs­ti açyk mi­ni­aw­to­bus. 1964-nji ýy­la çen­li za­wo­da ge­len ýo­ka­ry de­re­je­li myh­man­lar ki­çi göw­rüm­li «SE­AT 600» ula­gy bi­len aý­lan­ýan eken. Ital­ýan kom­pa­ni­ýa­sy «Car­roz­ze­ria Savio» bu mo­de­liň üs­ti açyk gör­nü­şi­ni taý­ýar­la­ýar. «SE­AT Savio» at­ly ula­gyň yz­ky we öň­ki ti­gir­le­ri­niň ara­sy ýa­kyn bo­lan­soň, za­wo­dyň için­dä­ki dar ýer­ler­de aň­sat­lyk bi­len öw­rül­mä­ge müm­kin­çi­lik dö­re­dip­dir.
Aý­dym­çy­nyň hor­ma­ty­na dö­re­di­len ulag. Is­pan kom­pa­ni­ýa­sy dün­ýä bel­li ko­lum­bi­ýa­ly aý­dym­çy Şa­ki­ra­nyň hor­ma­ty­na hem ulag ön­dür­ýär. Meş­hur aý­dym­çy­nyň ça­ga­lar gaz­na­sy­na gol­daw ber­mek mak­sa­dy bi­len, iki sa­ny «Le­on CUP­RA Pi­es Descal­zos» at­ly ulag dö­re­dil­ýär. Ulag­la­ryň bi­ri kom­pa­ni­ýa­nyň mu­ze­ýin­de gal­dy­ryl­ýar. Beý­le­ki­si ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­na pul kö­me­gi­ni be­ren­le­riň ara­syn­da ge­çi­ri­len bi­je atyş­lyk­da bi­je­si çy­ka­na gow­şu­ryl­ýar. Ula­gy 1 ýew­ro pul kö­me­gi­ni be­ren bir ta­lyp ut­ýar.
Bir mil­lio­nyn­jy «SE­AT 124». Kom­pa­ni­ýa aw­tou­lag önüm­çi­li­gi­ne baş­la­ma­gy­nyň 16-njy ýy­lyn­da bir mil­lio­nyn­jy ula­gy bo­lan «SE­AT 124»-i ön­dür­ýär. Bu ulag iş­gär­le­riň ara­syn­da bi­je çe­ki­lip, bi­je­si çy­ka­na sow­gat edil­ýär. Bu ula­gyň «La­da» meň­ze­me­gi­niň hem se­bä­bi bar. Ita­li­ýa­nyň «Fi­at» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň iş­läp taý­ýar­lan mo­de­li­niň ça­la üýt­ge­di­len gör­nü­şi Rus­si­ýa­nyň Sa­ma­ra Ob­las­tyn­da­ky Tol­ýat­ti şä­he­rin­de «Ži­gu­li» ady bi­len ön­dü­ril­ýär. Şol bir mo­del­den Is­pa­ni­ýa bi­len bir ha­tar­da Pol­şa­da we Ar­gen­ti­na­da hem sa­tyl­ýan se­bi­ti­niň ýol-ho­wa şert­le­ri­ne gö­rä üýt­ge­di­len gör­nüş­le­ri ön­dü­ril­ýär. Da­şar­ky ba­za­ra «La­da» bren­di bi­len sa­ty­lan bu ulag Uk­rai­na­da we Mü­sür­de hem ön­dü­ril­ýär.
Re­kords­men ulag. 2014-nji ýyl­da «SE­AT Le­on CUP­RA SC 280» ula­gy Ger­ma­ni­ýa­nyň Nýur­burg­ring tras­sa­sy­ny 8 mi­nut­dan az wagt­da geç­ýär. Bu gör­ke­zi­ji öň ti­gir­le­ri aý­lan­ýan ula­gyň gör­ke­zen iň ýo­ka­ry ne­ti­je­si bol­ýar.
Il­ki gar­da, soň ýer­de. Kom­pa­ni­ýa 2017-nji ýyl­da «Ateca Matt­racks» at­ly tig­ri­niň ýe­ri­ne zyn­jyr otur­dy­lan ula­gy­ny ta­nyş­dyr­ýar. As­lyn­da, gar­da sür­mek üçin ni­ýet­le­nen ula­gyň ti­gir­li gör­nü­şi «Ateca 2.0 TDI 190 PS 4Drive» ady bi­len köp­çü­lik­le­ýin ön­dü­ril­ýär we sa­tu­wa çy­ka­ryl­ýar.