Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryndan badalga alýan döwlet bilim strategiýasy halkara jemgyýetçiliginiň ösen tejribelerine, innowasion tehnologiýalara, bilim ulgamyny dolandyrmagyň häzirki zaman usullaryna we ýörelgelerine daýanýar. Bilim ulgamynda ýaş nesliň erkana ösmegi, olaryň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagy, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji, zähmetsöýer, päk ýürekli, kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin döwlet tarapyndan amala aşyrylýan işleriň netijeliligi yzygiderli ýokarlanýar. Ýylyň-ýylyna milli bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi, okuw maksatnamalarynyň, okuw kitaplarynyň, okuw-usuly gollanmalarynyň kämilleşdirilmegi ýaş nesliň döwrümiziň mynasyp ýaşlary bolup ýetişmegine uly itergi berýär. Okuwçylaryň tomusky dynç alşy bilen birlikde täze okuw ýylyna taýýarlyk işleri hem tamamlanyp barýar. Ýurdumyzyň ylym-bilim edaralarynyň ählisinde abatlaýyş işleri geçirilip, zerur esbaplar we enjamlar bilen üpjün edildi, okuw meýilnamalarydyr maksatnamalary kämilleşdirildi.
Bilimi sanly ulgama geçirmek, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek ulgamyna laýyklykda, mekdeplerde okuw işine täzelikler giriziler. Sanly ulgamlaryň işjeň ulanylmagy, mekdeplerde tehniki we tehnologik ugurlardan synplaryň açylmagy döwrebap bilim gurşawyny kemala getirmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler, guwandyryjy netijeler özüniň oňyn miwesini berýär. Hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalary bilen bilim ulgamynyň täze ösüşlere eýe bolýandygy okatmagyň täze usullarynyň sanly bilim ulgamy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Mekdep bazarlary hereket edýär
Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda talyp bolmak bagtyna eýe bolan ýaşlar, şeýle-de mekdep okuwçylary üçin 10-njy awgustdan başlap paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda mekdep bazarlarynyň hem-de göçme söwda nokatlarynyň jemi 410-sy alyjylara giňden hyzmat edip başlady. Paýtagtymyz boýunça 54, Ahal welaýaty boýunça 50, Balkan welaýaty boýunça 40, Mary welaýaty boýunça 134, Lebap welaýaty boýunça 79, Daşoguz welaýaty boýunça 53 sany mekdep bazarlary we göçme söwda nokatlary raýatlarymyza okuw egin-eşiklerini hem-de esbaplaryny hödürledi. Olarda söwda-satuw işleri Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň kärhanalary tarapyndan ýola goýuldy. Mekdep bazarlarynda alyjylara hödürlenilýän harytlaryň köpgörnüşliligi ünsüňi özüne çekýär. Elbetde, harytlaryň bolçulygy, ýokary hilliligi we elýeterliligi bazarlaryň köp adamly bolmagyny, alyjylaryň islegleriniň barha artmagyny şertlendirýär. Şeýle harytlaryň hatarynda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary we hususy telekeçiler tarapyndan öndürilen okuw egin-eşikleri, aýakgaplary, dürli görnüşli köýneklik matalary, tahýa, çabyt, begres ýaly milli lybaslary hem-de şaý-sepleri görkezmek bolar. Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan öndürilen dürli görnüşli okuw depderleri, hususy telekeçilerimiziň satuwa çykarýan beýleki okuw esbaplary hem bazarlaryň iň geçginli harytlarydyr.
Täze mekdep
ulanylmaga berler
Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dürli çäreleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdebiniň ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýär. Bu mekdepde käbir dersler rus we iňlis dillerinde geçirilip, maglumatlar tehnologiýalarynyň öwrenilmegine uly üns berler. Şeýle hem bedenterbiýe-sagaldyş çärelerine, çagalaryň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagyna möhüm orun berler. Munuň üçin ýokary ölçeglere laýyklykda gurlan täze mekdepde ähli zerur şertler döredilipdir.
Körpeleriň 159 müň
374-si birinji synpa barar
Şu ýyl körpeleriň 159 müň 374-si ýurdumyzyň orta mekdeplerine ilkinji gezek gadam basar. Ýurdumyzyň umumybilim berýän edaralarynda mugallymlaryň 81 müňden gowragy 1 million 400 müň okuwça bilim berer. Bilim işgärleri mekdepleri täze okuw ýylyna taýýarlamak, täze iş usullaryny öwrenip, bilim derejesini artdyrmak, okuw-görkezme esbaplaryny taýýarlamak hem-de okuw-usulyýet işlerini innowasion usulda guramak boýunça hemmetaraplaýyn taýýarlyk işlerini alyp bardylar.
Italýan dili dersi girizilýär
Täze okuw ýylyndan başlap ýurdumyzyň çägindäki orta mekdepleriň käbirine italýan dili dersi giriziler. Mekdeplerde italýan dilini öwredip başlamak baradaky başlangyç milli Liderimize degişli bolup, Italiýa Respublikasyna 2019-njy ýylda amala aşyran resmi saparynda şeýle başlangyjy öňe sürüpdi. Täze dersi okatmaga Türkmenistanyň Bilim ministrliginde we Türkmen döwlet neşirýat gullugynda hem taýýarlyk görüldi. Ýörite hünärmenleriň işläp taýýarlan okuw gollanmasy neşir edilip, italýan dili dersi geçiljek mekdeplere ugradyldy.
Goşmaça çäreler geçiriler
Şu ýyl ýiti ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen goşmaça çäreleriň geçirilmegi ösüp gelýän ýaş nesliň saglygy hakyndaky alada bilen baglanyşyklydyr.
Wirus ýokanjynyň öňüni almak maksady bilen her synpda 15 okuwçy bolar.
Okuw sagatlarynyň wagty azaldylyp: 1-nji synpyň okuwçylary 25 minut, 2-4-nji synpyň okuwçylary 30 minut, ýokary synpyň okuwçylary bolsa 35 minut okarlar.
Synplarda zerur aralyk saklanylyp, küşt tagtasy görnüşinde bolar.
Mekdebe girenlerinde çagalaryň gyzgyny ölçeniler, ellerine zyýansyzlandyryjy serişde sepiler.
Şahsy arassaçylygyň düzgünlerine eýermegiň zerurlygy barada düşündiriş işleri geçiriler.
Taryh, bedenterbiýe, biologiýa, himiýa, zähmet, surat çekmek ýaly sapaklaryň açyk howada ýa-da bellenilen ýerlerinde geçirilmegine rugsat berler. Ýöne mugallymlar howa ýagdaýyna berk eýermelidirler.
Bedenterbiýe güni giriziler
Ýaşajyk türkmenistanlylary sagdyn durmuş ýörelgesine we köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş çärelerine çekmek boýunça wezipäni durmuşa geçirmek jähtinden ýurdumyzyň mekdeplerinde sapaklaryň tertibinde Bedenterbiýe güni peýda bolar. Her şenbede irden köpçülikleýin ertirki maşklar, sapaklar tamamlanandan soň bolsa, sportuň dürli görnüşleri boýunça türgenleşikler ýa-da ýaryşlar, işjeň oýunlar we beýleki sagaldyş çäreleri guralar.
14 müň 337 talyp kabul edildi
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine hem-de orta hünär okuw mekdeplerine welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça 2020-nji ýylda okuwa kabul etmegiň meýilnamasyna laýyklykda, täze okuw ýylynda ýokary okuw mekdeplerine 14 müň 337 talyp kabul edildi, bu bolsa geçen ýyldakydan 2 müň 95 adam köpdür. Orta hünär okuw mekdeplerine bolsa 9 müň 490 okuwçy kabul edildi.
Hünärleriň sany köpeldi
Şu ýyl ýokary okuw mekdepleriniň we orta hünär mekdepleriniň bilim berýän hünärleriniň sany has-da artdy, bu bolsa ýurdumyzyň ösüşiniň innowasion ugruny, bilim ulgamyndaky döwrebaplaşdyrmak işlerini aýdyň görkezýär.
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda bank işi we pul dolanyşygy; maliýe bazarlary we sanly ykdysadyýetde maliýe howpsuzlygy; söwdada we logistikada sanly tehnologiýalar; maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (ykdysadyýetde we dolandyryşda); kompýuter ulgamynyň programma üpjünçiligi ýaly hünärler bar.
Türkmen döwlet maliýe instituty halkara maliýe ugrundan bakalawrlary taýýarlap başlar.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde rus dili we edebiýaty boýunça hünärmenleri taýýarlamaklyk gaýtadan dikeldildi.
Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde şu ýyldan başlap ýyladyşhana hojalygy, senagat balykçylygy, agroekologiýa, şeýle hem kinologiýa ulgamlarynda geljegi uly hünärleri edinip bolar.
D. Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda italýan dili öwrenilip başlanylar, rus we iňlis filologiýasy babatda bakalawriatyň maksatnamasyna terjimeçilik işi hem goşuldy. Iňlis dilini erkin bilýän dalaşgärler magistr derejesini almak üçin daşary ýurt dillerini okatmagyň usulyýetini öwrenip başlarlar.
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde bakalawriat maksatnamasyny geçip, mikrobiologiýa; tehnologiýa işewürligi; filologiýa (tehniki iňlis dili we ýapon dili) ýaly ugurlarda islegli hünärmenler bolup bolar.
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty täze ugurlaryň dördüsini teklip edýär, olaryň üçüsi: demir ýollaryň hereket edýän düzümi; portlaryň we ulag menzilleriniň ýükleýiş-düşüriş enjamlarynyň ulanylyşy; ýerüsti ulag-tehnologik serişdeleri ugurlary ulag-logistika ulgamynda hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilendir. Ýene bir täze hünär – landşaft dizaýny hünäri ýurtda ýaýbaňlandyrylan uly möçberli şähergurluşyk maksatnamasy, döredilýän binagärlik gurşawynyň we ýaşyl bezegiň sazlaşdyrylmagynyň zerurlygy, ýaşaýyş üçin amatly gurşawy döretmek jähtinden möhümdir.
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda (Türkmenabat şäheri) pars we nemes dilleri, şeýle hem bedenterbiýe ugrundan ýokary bilim almaga mümkinçilik döredi.
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda (Mary şäheri) menejment ulgamynda; maglumat howpsuzlygy; infokommunikasion tehnologiýalar we aragatnaşyk ulgamlary; elektroenergetika we elektrotehnika ugurlary boýunça bakalawrlary taýýarlap başlar.
Türkmen oba hojalyk institutynda bolsa (Daşoguz şäheri) awtomatlaşdyrmak we dolandyrmak; maglumat ulgamlary we tehnologiýalary hünärlerinden bakalawr derejesini alyp bolar.
Türkmen döwlet medeniýet institutynda art-menejment, şeýle hem operatorçylyk işi we montažyň režissurasy ulgamlarynda bakalawrlar taýýarlanylyp başlanar.
Metbugat maglumatlary esasynda
taýýarlandy.