At­lan­tik um­ma­nyn­da­ky ki­çi­jik plast­mas­sa bö­le­jik­le­ri­niň muk­da­ry 200 mil­li­on ton­na çen­li ýe­tip bi­ler. De­ňiz eks­pe­di­si­ýa­sy­na gat­na­şan we ýol­da 12 mil­li­on ton­na mik­rop­las­ti­ka­ny ýü­ze çy­ka­ran iň­lis alym­la­ry­ şeý­le ne­ti­jä gel­di­ler. Iň soň­ky çak­la­ma ekst­ra­pol­ýa­si­ýa usu­ly ar­ka­ly alyn­dy we öň­ki çak­la­ma­lar­dan 10 es­se ýo­ka­ry bol­dy. Bar­lag­la­ryň ne­ti­je­le­ri iň­lis di­lin­de çap edil­ýän «Na­tu­re Com­mu­nications» yl­my žur­na­lyn­da be­ýan edil­ýär.
Hünärmenler dia­met­ri 5 mm-den ki­çi bo­lan po­lie­ti­len, po­lip­ro­pi­len we po­lis­ti­rol bö­lek­le­ri­ne mik­rop­las­ti­ka hasaplaýarlar. Gö­ze gö­rün­me­ýän bu mik­rop­las­ti­ka­lar plas­tik hal­ta­la­ryň, gap­la­ryň dar­ga­ma­gy ne­ti­je­sin­de eme­le gel­ýär. Olar beý­le­ki ha­pa­lar bi­len bir­lik­de deň­ze düş­ýär­ler, ýö­ne bak­te­ri­ýa­lar ar­ka­ly dar­ga­ma­ýar­lar, di­ňe ow­nuk bö­le­jik­le­re bö­lün­ýär­ler. De­ňiz jan­dar­la­ry­nyň we guş­la­ryň kö­pü­si mik­rop­las­ti­ka­ny iý­mit hök­mün­de ka­bul ed­ýär­ler, bu bol­sa, köp­lenç ola­ryň gy­ryl­ma­gy­na ge­tir­ýär.
Howp­ly mik­rop­las­ti­ka eý­ýäm dün­ýä um­man­la­ry­nyň äh­li kün­jek­le­ri­ne ara­laş­dy. Ýa­kyn­da olar Ark­ti­ka­nyň we An­tark­ti­da­nyň buz­la­ryn­da hem ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Şeý­le hem, ol özü­niň aras­sa­ly­gy bi­len meş­hur bo­lan Baý­kal kö­li ýa­ly içer­ki suw how­dan­la­ry­ny hem ha­pa­la­ýar.