Ga­ra de­ňzin­den gaz tapyl­dy. Tür­ki­ýe Ga­ra deň­zin­den iň uly te­bi­gy gaz ýa­ta­gy­ny tap­dy. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, onuň möç­be­ri 320 mil­liard kub metr bo­lup, eýýäm, 2023-nji ýy­la çen­li bu gaz ula­ny­lyp baş­la­nar. Ta­py­lan ýa­ta­gyň öz­leş­di­ril­me­gi bi­len ýur­duň ta­ry­hyn­da tä­ze döw­rüň baş­lan­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Bu gaz ýa­ta­gy ener­gi­ýa ýet­mez­çi­li­gi­ni do­ly çöz­mä­ge we gel­jek­de Tür­ki­ýä­ni gaz eks­port­ ed­ýän ýur­da öwür­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rer di­ýip, mag­lu­mat­lar­da bel­le­nil­ýär. Tür­ki­ýe hä­zir­ki wagt­da rus ga­zy­ny iň uly sa­tyn aly­jy­la­ryň bi­ri­dir. Ge­çen ýyl «Gazp­rom» Tür­ki­ýä 15,51 mil­liard kub metr gaz iber­di, bu bolsa, Ger­ma­ni­ýa­dan we Ita­li­ýa­dan beý­le­ki Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­na ug­ra­dyl­ýan gaz­dan has köp­dür.

«Ýamally maşgalalaryň ýeňşi». Rus­si­ýa­da ge­çi­ri­len «Ýy­lyň maş­ga­la­sy» bäs­le­şi­gi­niň gu­ra­ma­çy­lyk ko­mi­te­ti «2020-nji ýy­lyň maş­ga­la­sy» bäs­le­şi­gi­niň ýe­ňi­ji­le­ri­ni kes­git­le­di. Bir­ba­da iki ýa­mal­ly maş­ga­la bu sa­na­wa go­şul­dy. Na­dym şä­he­rin­den Wa­dim bi­len Ol­ga Deht­ýa­ren­ko­nyň maş­ga­la­sy «Köp ça­ga­ly maş­ga­la» ug­ry bo­ýun­ça, Priu­rals­kiý se­bi­tin­den Dmit­riý we Ol­ga Fi­lip­po­wa­la­ryň maş­ga­la­sy «Ýaş maş­ga­la» ug­ry bo­ýun­ça ýe­ňi­ji bol­du­lar. Maşgalalar Ýamalyň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşyp, maşgala gymmatlyklaryna we däp-dessurlaryna hormat goýýandyklary üçin bu derejä eýe boldular. Ýa­ry­şa je­mi 3 mü­ňe go­laý rus maş­ga­la­sy gat­naş­dy. Bä­şin­ji ge­zek ge­çi­ril­ýän bu bäs­le­şik Rus­si­ýa­nyň Zäh­met we so­si­al go­rag mi­nistr­li­gi ta­ra­pyn­dan gu­ral­dy.

Meşhur kom­po­zi­tor baý­rak al­dy. 82 ýaş­ly eý­ran­ly kom­po­zi­tor Lo­ris Aý­ka­zo­wiç Çkna­wor­ýan «Books for Peace Awards 2020» baý­ra­gy­na my­na­syp bol­dy. Baý­ra­k gow­şu­ry­lyş da­ba­ra­sy 12-nji sent­ýabr­da Ita­li­ýa­nyň paý­tag­ty Rim­de ge­çi­ri­ler. Mek­si­ka­ly žur­na­list Haw­ýer Wal­de­siň ady­ny gö­ter­ýän bu baý­rak pa­ra­hat­çy­lyk, yn­san­per­wer­lik we ha­ýyr-sa­ha­wat iş­le­rin­e go­şant go­şan şahs­la­ra be­ril­ýär. Lo­ris Çkna­wor­ýan 70-den gow­rak nus­ga­wy saz ese­ri­niň, 4 ope­ra­nyň we 6 sim­fo­ni­ýa­nyň aw­to­ry­dyr. Kom­po­zi­tor, di­riž­ýor we aý­dym-saz teo­ri­ýa­sy mu­gal­ly­my Lo­ris Çkna­wor­ýan 1937-nji ýyl­da Eý­ra­nyň Bo­ru­jerd şä­he­rin­de dün­ýä in­di. Er­me­nis­ta­nyň sim­fo­ni­ki or­kest­ri­ne ýol­baş­çy­lyk et­di we onuň baş di­riž­ýo­ry (1990-2000) bol­dy. Hä­zir ol Eý­ran­da ýa­şa­ýar.

Gan­di­niň äý­ne­gi sa­tyl­dy. Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň «East Bris­tol» auk­sio­nyn­da Hin­dis­ta­nyň sy­ýa­sy we jem­gy­ýet­çi­lik iş­gä­ri Ma­hat­ma Gan­di­niň (1869-1948) äý­ne­gi 260 müň funt ster­lin­ge (340 müň dol­lar) sa­tyl­dy. Al­tyn çar­çu­wa­ly bu te­ge­lek äý­ne­gi ady mä­lim edil­me­ýän bir sa­ty­jy «East Bris­tol» auk­sio­ny­na ge­ti­rip, mu­nuň da­ýy­syn­dan mi­ras ga­lan­dy­gy­ny aý­dyp­dyr. Da­ýy­sy­na bol­sa, bu äý­ne­gi ge­çen asy­ryň ba­şyn­da Gan­di­niň hut özi sow­gat eden eken. Auk­sio­nyň iş­gä­ri En­di Stouyň aýt­ma­gy­na gö­rä, sa­ty­jy­nyň da­ýy­sy 1920-nji ýyl­da Gü­nor­ta Af­ri­ka­da sa­par­da bo­lan­da bu äý­ne­gi Gan­di oňa sow­gat be­rip­dir.

Al­tyn teň­ňe­li ha­zy­na. Ys­ra­ýyl­da 1000 ýyl mun­dan ozal to­ýun­dan edi­len gap­da gö­mü­len 425 sa­ny al­tyn teň­ňe ta­pyl­dy. Bu ba­ra­da ýur­duň Ga­dy­my ýa­dy­gär­lik­ler eda­ra­sy ha­bar ber­di. Ha­zy­na Ys­ra­ýy­lyň mer­ke­zin­de ge­çi­ril­ýän ga­zuw-ag­ta­ryş iş­le­ri­ne meý­le­tin gat­na­şýan ýet­gin­jek­ler ta­ra­pyn­dan ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Ga­zuw-ag­ta­ryş iş­le­ri­niň ýol­baş­çy­sy Li­at Na­daw-Zi­wiň we Ga­dy­my ýa­dy­gär­lik­ler eda­ra­sy­nyň iş­gä­ri dok­tor Eli Ha­da­dyň pi­ki­ri­çe, to­ýun ga­ba sal­nyp ýe­re gö­mü­len al­tyn teň­ňe­ler Bag­dat ha­lyf­ly­gy­nyň Ap­ba­sy­lar ne­be­re­si­niň döw­rü­ne de­giş­li­dir (tak­my­nan, IX asyr).

Içer­ki sy­ýa­hat­çy­ly­gy­ny di­keld­ýär. Hy­ta­ýyň sy­ýa­hat­çy­lyk­ eda­ra­la­ry­nyň 500-si köp ja­han­keş­de çek­mek mak­sa­dy bi­len ba­ha­la­ry­ny ar­zan­lat­dy. «Asia One» saý­ty­nyň bi­ler­men­le­ri ýur­duň sy­ýa­hat­çy­la­ry­nyň Hy­ta­ýyň gö­zel ýer­le­ri­niň kö­pü­sin­de 20-50% ara­ly­gyn­da ar­zan­la­dy­şa şa­ýat bo­lan­dyk­la­ry­ny we bu ýag­da­ýyň ýy­lyň ahy­ry­na çen­li do­wam et­jek­di­gi­ni ha­bar be­r­di­ler. Dün­ýä­de eme­le ge­len çyl­şy­rym­ly ýag­daý­lar se­bäp­li, hä­zir­ki wagt­da ge­ze­len­je gel­ýän­le­riň sa­ny­nyň ep-es­li aza­lan­dy­gy bel­le­nil­ýär. Di­ňe çe­ýe nyrh sy­ýa­sa­ty se­bäp­li, sy­ýa­hat­çy­la­ryň sa­ny­nyň ge­çen ýyl­ky gör­ke­zi­ji­le­riň ýa­ry­sy­na ýe­ten­di­gi­ bel­le­nil­ýär. Hä­zir­ki wagt­da sy­ýa­hat­çy­lyk mer­kez­le­ri­ne gel­ýän­le­re on­laýn ar­ka­ly ar­zan­la­dy­lan pe­tek hö­dür­len­ýär.

Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na gir­di. Abu-Da­bi­niň «Ýas» eme­li ada­syn­da bi­na edi­len sport we dynç alyş top­lu­my «CLYMB Abu Da­bi»-dä­ki ae­ro­di­na­mi­k des­ga (dia­met­ri 10 metr, be­ýik­li­gi 54,6 metr) hem-de dün­ýä­niň iň be­ýik dyr­maş­ma di­wa­ry (42,16 metr) Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zil­di. – Top­lu­myň aý­ra­tyn­ly­gy­nyň res­mi taý­dan yk­rar edil­me­gi, glo­bal äh­mi­ýet­li mer­kez hök­mün­de ab­ra­ýy­my­zy be­len­de gö­ter­ýär – di­ýip, top­lu­myň baş di­rek­to­ry Bi­an­ka Sam­mut aýt­dy. Ge­çen ýyl ula­nyl­ma­ga ber­len bu mer­kez myh­man­la­ry­na tej­ri­be top­la­ma­ga we be­lent­li­ge dyr­maş­ma­ga müm­kin­çi­li­k ber­ýär.