Görüp otursalar, 2000-nji ýylda Ýere gaçan meteorit Gün ulgamynyň uzak künjüniň “myhmany” eken. Alymlar has uzak aralykdan düşen asman jisiminiň, haçan-da bolsa, birmahal Koýper guşagynyň bir bölegidigine ynanýarlar. Koýper guşagy Neptunyň orbitasynda ýerleşýär. 2000-nji ýylda Kanada gaçan bu meteoritiň diametriniň başdaky ululygy bäş metrden gowrak bolupdyr. Ýöne onuň Ýeriň gorag gurşawy bilen sürtülmegi netijesinde, uly bolmadyk özeni galypdyr.
Alymlar meteoritiň galyndylaryny barlagdan geçirip görseler, onuň himiki düzümi ozalky barlanan meteoritlerden düýpli tapawutly bolup çykdy. “Şunuň ýaly meteoritler Ýere juda seýrek düşýärler, çünki olar älemiň has uzak künjünden gelýärler. Has takygy, bu asman jisimi Koýper guşagyna degişli bolup çykdy” diýip hünärmenler aýdýarlar.