– Ýoga ýürek-damar, düwnük, süýjükesel we beýleki ýokanç däl keselleriň howpuny düýpli peseldýär – diýip, Hindistanyň saglygy goraýyş ministri Jagat Prakaş Nadda aýdýar. Onuň sözlerine görä, ýokanç däl keselleriň köpüsiniň ýüze çykmagynyň sebäbi nädogry durmuş ýörelgesidir. Ýoga bolsa, ony gowulyga tarap özgertmäge ýardam berýär. Ýoga bedeni, ruhy we aňy bir ýere jemleýär. Ol öz saglygyňa dogry çemeleşmegi öwredýär.
– Ýoga – bu maşklaryň jemi däl-de, eýsem, adamy özgerdýän filosofiýa – diýip, Nadda aýdýar. Mundan ozal, Kaliforniýa uniwersitetiniň barlag geçirijileri ýoga we meditasiýa bilen meşgullanmagyň beýnä peýdalydygyny ýüze çykardylar. Ol ýady sazlap, huşsuzlykdan goraýar. Barlaglar ýoganyň we meditasiýanyň ýatkeşligi ösdürmek üçin niýetlenen ähli türgenleşiklerden täsirlisidigini ýüze çykarypdyr.