«Airbus» uçar kompaniýasy sentýabr aýynda wodorod bilen işleýän üç aýry uçarynyň taslamasyny mälim etdi. «ZEROe» modelli dünýäniň ilkinji nebit esasly ýangyjy ulanmaýan bu uçarlaryny «Airbus» kompaniýasy 2035-nji ýyla çenli ulanyşa girizmegi meýilleşdirýär.
«Airbus»-yň resmi internet sahypasynda berlen maglumata görä, kompaniýa täze uçarlary bilen bütindünýä awiasiýa senagatyndaky uglerod ulanyşyny azaltmak tagallalarynyň öňbaşçysy bolmagy maksat edinýär.
– Sintetiki ýangyçlarda we esasy güýç çeşmesinde wodorodyň ulanylmagynyň awiasiýa senagatynyň howanyň üýtgemegine ýetirýän täsirini azaltjakdygyna doly ynanýaryn – diýip, «Airbus» kompaniýasynyň direktory Giýom Fori belläp geçýär.
Wodorod esasly ýangyçlar bilen hereket etjek uçarlarda aerodinamikanyň we tehnologiýanyň täze gazananlary giňden ulanylypdyr. Bu uçarlaryň ikisi adaty uçarlaryň şeklinde bolsa-da, kompaniýanyň üçünji uçar taslamasy kosmos uçarlaryny ýada salýar.
Uçarlaryň ilkinjisine adatça ulanylýan «Turbofan» hereketlendirijisi ýerleşdirilipdir. Bu hereketlendirijiniň gaz turbinasy uçar ýangyjynyň ýerine wodorod bilen işleýär. 120-200 ýolagça niýetlenen bu uçar 3 704 kilometrden gowrak aralyga uçmaga ukyplydyr.
Ikinji uçarda bolsa, has kiçi göwrümli uçarlarda gabat gelýän «Turboprop» hereketlendirijisi ulanylypdyr. Wodorodly işleýän gaz turbinasy bilen üpjün edilen bu hereketlendiriji uçaryň 1 852 kilometrden gowrak aralykda uçmagyna mümkinçilik döredýär. Uçar 100 ýolagça niýetlenendir.
«Airbus»-yň üçünji uçary üçburç şekilli bolup, ganatlary «Turbofan» taslamasyndaka meňzeş ýagdaýda birleşýär. 200 ýolagça niýetlenen bu uçar taslamasy wodorodyň saklanmagy we paýlanmagy babatynda birnäçe täze aýratynlyk hödürleýär.
1970-nji ýylda esaslandyrylan «Airbus» kompaniýasynyň ştab-kwartirasy Niderlandlaryň Leýden şäherinde ýerleşýär. Köp ugurly kompaniýa hökmünde hereket edýän «Airbus»-yň 2019-njy ýyldaky arassa girdejisi 3 milliard ýewrodan geçdi.