Şu ýylyň himiýa boýunça Nobel baýragy CRISPR/Cas9 genomyny rejeleýän tehnologiýany işläp düzen zenanlar Emmanuel Şarpantýe we Jennifer Dudne berildi. Häzirki wagtda Germaniýada zähmet çekýän fransuz mikrobiology Şarpentýe we onuň kärdeşi amerikaly biohimik Jennifer Dudne (Kaliforniýa uniwersiteti, Berkli) birnäçe ýyl ozal bakteriýalarda molekulýar immuniteti ýüze çykaryp, olaryň wiruslardan goraýandygyny anykladylar. Alymlar “genleri bejerip” bilýän “DNK gaýçy” atly CRISPR-Cas9 atly ulgamy 2012-nji ýylda ýüze çykarypdylar. Olary adamlarda we haýwanlarda genleri rejelemek üçin, meselem süýji keselini, leýkozy we şizofreniýany bejermekde ulanyp bolar. Şonuň ýaly hem häzirki wagtda dünýäniň dürli ýurtlarynyň alymlary “genom rejegärini” AIDS we nesil yzarlaýan keseller ýaly çynlakaý keselleri bejermekde çemeleşmeler döretmek üçin ulanýarlar. Netijede, bu usul arkaly ösümlikleriň, haýwanlaryň we mikroorganizmleriň genlerini üýtgedip bolar. -CRISPR/Cas9 usulyýeti molekulýar ylymlary özgerdip, ösümlikler dünýäsiniň seçgisini köpeltmek üçin täze ýollar açdy, düwnük keseliniň bejermegiň innowasion usullaryna goşant goşdy – diýip, Nobel Komitetiniň wekilleri bellediler.