Geçen hepdäniň dynç güni, ýagny 11-nji sentýabrda Ýewropa Bileleşiginiň agzasy bolan Horwatiýada parlament saýlawy geçirildi. Ýurduň döwlet saýlaw komiteti parlament saýlawynyň deslapky netijelerini mälim etdi. Wagtyndan öň geçirilen saýlawyň netijesinde, “Horwatiýanyň demokratik arkalaşygy (HDS) we hyzmatdaşlary” atly koalisiýa ýeňiş gazandy.
Sesleriň 92 göteriminiň sanalandygyna garamazdan, saýlawyň gutarnykly netijeleri mälim edilmedi. Ýöne HDS-niň esasy bäsdeşleri Sosial-demokratlar olaryň yzyndan ýetip bilmeýär. Ýurduň döwlet saýlaw komissiýasynyň deslapky maglumatyna görä, HDS we onuň hyzmatdaşlary 151 orunlyk parlamentde 61 orun eýelemegi başardy. Sosial-demokrat partiýasynyň esasyny düzýän Halk koalisiýasy ýurduň ozalky Premýer-ministri Zoran Milanowiçiň ýolbaşçylygynda 54 orun eýeledi. Liberal-reformaçy partiýasy bolsa 12 orunda galdy.
HDS-niň ýolbaşçysy Andreý Plenkowiç saýlawyň netijeleri yglan edilenden soňra eden çykyşynda ýurtda durnukly hökümeti düzmek üçin parlamentiň düzümine giren ähli syýasy partiýalar bilen gepleşikler geçirmäge taýýardyklaryny mälim etdi. Onuň çykyşy Horwatiýanyň HRT teleýaýlymynda göni ýaýlymda berildi.
– Biz ýurduň täze hökümetini düzmek üçin tagalla ederis. Nobatdaky hökümet ýurduň raýatlarynyň bähbitleri esasynda işini alyp barar. Ýewropa ugruna has köp üns berler. Ýaşlar barada köpräk alada ederis. Oba etraplaryny ösdürmek üçin pul serişdelerini gönükdireris – diýip, Andreý Plenkowiç gürrüň berdi.
11-nji sentýabrdaky saýlaw ozalky saýlawdan, ýagny 2015-nji ýylyň 8-nji noýabryndakydan 10 aý soň geçirildi. Şu ýylyň ýanwar aýynda düzülen hökümet işini ýarym ýyl dowam etdirdi. 16-njy iýunda Horwatiýanyň Sabory (parlamenti) Premýer-ministr Tihomir Oreşkowiçiň hökümetiniň işiniň ýatyrylyp, möhletinden öň saýlawlaryň geçirilmegi babatda karar kabul edipdi.
Döwlet saýlaw komissiýasynyň maglumatyna görä, ýurduň ilatynyň 3,8 milliony ses berdi. Horwatiýanyň ilatynyň sany 4,235 milliona barabardyr. Umuman, saýlawlara 2456 dalaşgär gatnaşdy, olar ýurduň syýasy partiýalaryna wekilçilik etdi.
Horwatiýanyň Sabory – bir palatadan ybarat. Onuň düzümindäki deputatlar 4 ýyl möhlete saýlanýar. Parlamentde 151 deputat bolup, olaryň 140-sy Horwatiýanyň raýatlaryndan saýlanýar. 3 sany deputat daşary ýurt diasporasynyň düzümindäki horwatlardan saýlanyp alynýar. 8 deputat milli azlyklaryň partiýalarynyň arasyndan saýlanýar.