“Türkmenistan-Özbegistan” işewür geňeşiniň wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen 1-nji mejlisinde köpugurly döwletara gatnaşyklaryny ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Onlaýn-duşuşyga birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri hem-de iki ýurduň telekeçilik düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Taraplar söwda-ykdysady mümkinçilikleri we ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek üçin dürli ugurlarda uly kuwwatyň bardygyny belläp, işewür duşuşyklaryň iki doganlyk halklaryň bozulmaz dostlyk, taryhy-medeni we ruhy umumylyklaryna esaslanýan däp bolan türkmen-özbek gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de yzygiderli ösdürilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.

Wideoduşuşyga gatnaşyjylar işewür hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny, şol sanda söwda-ykdysady ulgamynda, dokma, gurluşyk we himiýa we elektron senagaty, saglygy goraýyş we derman senagaty pudagynda, aragatnaşyk, ekologiýa, daşky gurşawy goramak, obasenagat toplumy ýaly ugurlarda işewür gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şonuň ýaly-da, Özbegistanyň ýurdumyzyň toprak-howa şertlerinde synagdan geçirilen oba hojalyk tehnikalarynyň satyn alynýandygyny nazara almak bilen, bu ugurdaky gatnaşyklaryň uly geljeginiň bardygy nygtaldy.

Mejlise gatnaşyjylar netijeli gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanmalaryny tassyklap, “Türkmenistan-Özbegistan” işewür geňeşiniň işiniň özara haryt dolanyşygynyň mukdarynyň artdyrylmagyna, maýa goýum işiniň höweslendirilmegine we iki ýurduň işewürtoparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.