Ýewropa Bileleşiginiň düzümine girýän ähli 28 döwletiň paýtagtynyň ýaşaýjylarynyň arasynda pikir soraşma geçirildi. Şonuň netijesinde, olaryň öz paýtagtynda ýaşamak üçin döredilen mümkinçiliklerden hoşaldygy mälim edildi. Bu çäräni Ýewrokomissiýanyň sargydy boýunça Ýewrobarometr edarasy gurady.
Ýewropanyň 18 döwletiniň paýtagtynyň raýatlarynyň 10-dan 9-sy durmuşyndan lezzet alýandygyny mälim etdi. Wilnýus şäheriniň 98 göteriminiň, Stokgolmyň we Kopengageniň 97 göteriminiň, Wena we Lýuksemburgyň 96 göteriminiň durmuşynyň lezzetini görüp ýaşaýandygy kesgitlendi.
Bu pikir soraşmanyň maksady şäherlerdäki ýaşaýjylaryň durmuş meselelerini öwrenmekden ybarat. Şäherlerdäki iş üpjünçiligi, daşky-gurşawyň goralyşy, ýaşaýyş jaý gurluşygy, ulag düzümi, medeni durmuşy, şäheriň gulluklarynyň işleýiş ýagdaýy pikir soraşmanyň çäklerinde berlen sowallaryň üsti bilen ýüze çykaryldy.
“Ýewropanyň şäherleri – şäherler we onuň etekleri boýunça statistika” atly seljeriş işiniň çäginde 83 şäherde pikir soraşma geçirildi. Ýewropa Bileleşiginiň raýatlarynyň dörtden üçi şäherlerde ýaşaýar. Şonuň üçin şäherlerdäki ýaşaýyş mümkinçilikleri olaryň durmuşynda uly rol oýnaýar.