2020-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Türkmenistan–Owganystan–ABŞ formatynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň syýasy meseleler boýunça orunbasary Dewid Heýl we Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Mohammad Hanif Atmar gatnaşmaklarynda ilkinji gezek wideokonferensiýa duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň esasy mowzuklarynyň biri hem köpýyllyk ýaragly çaknyşyklaryň bes edilmegine we sebitde parahatçylygyň ýola goýulmagyna gönükdirilen owganara gepleşikleriniň ilerledilmegi boldy. Şunuň bilen baglylykda, goňşy ýurtda parahatçylygyň we durnuklylygyň gazanylmagy babatynda diňe syýasy we diplomatik gurallaryň ileri tutulmagy ugrunda çykyş edýän Türkmenistanyň berk nukdaýnazary aýratyn bellenilip geçildi.
Howpsuzlyk meseleleri boýunça Türkmenistanyň nukdaýnazary hem beýan edildi. Ýurt BMG-niň Terrorçylyga garşy Global strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi ugrunda çykyş edýändir. 2011-nji ýylyň noýabrynda Türkmenistanyň Hökümeti we BMG-niň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkezi Aşgabatda ýokary derejeli duşuşygy geçirdiler hem-de onuň barşynda degişli Bilelikdäki Meýilnama kabul edildi. Bu takyk alnan sebite gatnaşykda terrorçylyga garşy global strategiýanyň ornaşdyrylmagynyň dünýädäki ilkinji tejribesi boldy.
Taraplar zenanlaryň deňhukuklylygyna we olaryň ykdysady hukuklarynyň hem-de mümkinçilikleriniň giňeldilmegine ýardam etmek bilen birlikde durmuş häsiýetli derwaýys meselelere-de seredip geçdiler.
Duşuşygyň dowamynda taraplar şeýle-de Söwda we maýa goýum boýunça ABŞ-nyň hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky degişli Ylalaşyga (TIFA) laýyklykda gümrük we beýleki amallaryň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy bilen Owganystanyň, Türkmenistanyň, ABŞ-nyň we Merkezi Aziýa sebitiniň arasynda söwda gatnaşyklaryny ösdürmegiň mümkinçiliklerine hem seredip geçdiler.
Bu ugurda ulag-üstaşyr we ýangyç-energetika geçelgelerini ösdürmegiň ähmiýeti bellenilip geçildi. Şonuň bilen birlikde, sebitde söwdanyň göwrüminiň artdyrylmagy üçin Owganystanyň, Türkmenistanyň we ABŞ-nyň bilelikde işläp biljek beýleki ulag geçelgeleriniň kesgitlenilmegi bilen birlikde, Lapis-Lazuli geçelgesiniň netijeli ulanylmagy boýunça hyzmatdaşlyk hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gepleşikleriň jemleri boýunça taraplaryň Bilelikdäki beýannamasy kabul edildi.