8-nji oktýabrda widoemaslahat görnüşinde Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna (BSG) agza bolmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet toparynyň mejlisi geçirildi.

Mejlise ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Bütindünýä söwda guramasynyň wekiliýetine BSG-a agza bolmak departamentiniň direktory hanym Maýka Oşikawa ýolbaşçylyk etdi.

Wideomaslahatyň barşynda taraplar Türkmenistanyň BSG bilen hyzmatdaşlygy boýunça “Bilelikdäki hereketleriň meýilnamasynyň” ähli bentlerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de ony kabul etmek bilen baglanyşykly meselelere garadylar.

Taraplar Aziýanyň ösüş bankynyň tehniki goldawynyň çäklerinde taýýarlanylan, Türkmenistanyň daşary söwda şertleri boýunça Ähtnamany taýýarlamak boýunça hereketleriň Meýilnamasynyň taslamasy bilen bagly pikir alyşdylar.

Türkmen tarapy şeýle hem ýakyn wagtda Türkmenistanyň BSG-a synçy derejesini almagyna bagyşlanan tegelek stoly guramagy teklip etdi.