Dünýäniň iň beýik köprüsi Hytaýda guruldy. Golaýda onuň resmi taýdan açylyş dabarasy boldy. Ol «Beýpanszýan» diýlip atlandyrylyp, Niçžu derýasynyň üstünden geçýär hem-de Ýunnan we Guýçžou welaýatlaryny birleşdirýär. Köprüniň beýikligi 565 metr bolup, onuň uzynlygy 1341 metre barabardyr. Çylşyrymly desganyň gurluşygy 3 ýyl dowam etdi. Köprüniň açylandygyna garamazdan, onuň üstünden ulag gatnawy dekabr aýynda başlanar.
Soňky ýyllarda hytaýly inženerler ençeme çylşyrymly desgalary gurmagyň hötdesinden geldi. Bu ýurtda dünýä derejesinde birnäçe awtomobil, demir ýol hem-de pyýada köprüleri gurlup, ulanmaga berildi. Muňa mysal edip, şu ýylyň awgust aýynda dünýäniň aýnadan ýasalan iň iri köprüsi açyldy. Çžanszýasze milli seýilgähinde gurlan köpri, esasan hem, ýerli hem-de daşary ýurt syýahatçylar üçin niýetlenendir.