Nobel baýragynyň eýelerini sylaglamak dabarasy 10-njy dekabrda Stokgolm şäher häkimliginde onlaýn görnüşde geçirilip, dürli ýurtlarda ýaýlym arkaly görkeziler. Nobel komitetiniň wekilleri Stokgolm şäher häkimligindäki studiýa arkaly baýrak eýeleri bilen ýaýlymda görşerler. Her bir baýrak eýesi öz ýurdundaky Şwesiýanyň ilçihanasynda ýa-da öz işleýän uniwersitetinde oturdylan monitor arkaly Stokgolm bilen onlaýn görnüşde habarlaşarlar. Bu çäre geçen ýyllar Stokgolm filarmoniýasynda geçirilýärdi. Bu ýyl dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar sebäpli Nobel komiteti baýragyň gowşurylyş dabarasynyň düzgünini üýtgetmek barada karar kabul etdi. Baýraklar ilçihanalaryň ýa-da uniwersitetleriň wekilleriniň üsti bilen ýeňijilere gowşurylar. Baýrak gowşurylyş dabarasynyň formaty 1944-nji ýyldan bäri ilkinji gezek üýtgedildi.
Möhüm açyş eden
üç alym mynasyp boldy
5-nji oktýabrda Şwesiýanyň paýtagty Stokgolmda nobatdaky Nobel hepdeligi başlady. Onuň ilkinji gününde Nobeliň lukmançylyk boýunça baýragynyň eýeleri mälim edildi. Fiziologiýa we lukmançylyk boýunça 2020-nji ýylyň Nobel baýragy amerikan alymlary Harwi Alleryna, Maýkl Hautona we britan wirusology Çarlz Raýsa «gepatit C» wirusyny ýüze çykarmakdaky bitiren hyzmatlary üçin berildi. Şu ýyl bu baýrak bagyrda sirros keselini döredýän gepatit bilen göreşde aýgytly goşant goşan üç alyma gowşurylýandygy bellendi. Baýragyň ýeňijileri täze tapylan wirusyň – «gepatit C» wirusynyň ýüze çykarylmagyna sebäp bolan iň möhüm açyşlary etdiler. Hususan-da, Harwi Allerynyň geçiren gemotransfuziýa gepatitiniň usulyýet gözleglerinde, köplenç näbelli wirusyň gepatitiň ýüze çykmagynyň sebäbi bolýandygy anyklanyldy. Maýkl Hauton «gepatit C» wirusy diýlip atlandyrylýan täze wirusyň genini tapawutlandyrmak üçin ozal synag edilmedik usullary ulandy. Çarlz Raýs «gepatit C» wirusynyň döremegine sebäp bolup biljek ýagdaýlary gutarnykly subut etdi. Baýrak eýeleriniň açyşlary, gepatit keseliniň sebäbini anyklamaga kömek edip, millionlarça adamyň ömrüni halas eden täze dermanlary döretmäge mümkinçilik berdi.
Otnositellik nazaryýetini
derňänligi üçin sylaglandylar
6-njy oktýabrda fizika boýunça 2020-nji ýylyň Nobel baýragy Rojer Penrouze, Raýnhard Gensele we Andrea Geze berildi. Baýragyň ýarysy iňlis fizigi we matematigi Rojer Penrouze berlip, beýleki ýarysyny nemes astrofizigi Raýnhard Genseliň we amerikan astronomy Andrea Geziň öz aralarynda paýlaşjakdygy mälim edildi. Baýragyň internet sahypasyndaky metbugat üçin beýanatynda Nobel baýragynyň eýesi Rojer Penrouziň umumy otnositellik nazaryýetini derňemek üçin özboluşly matematiki usullary oýlap tapandygy aýdylýar. Rojer Penrouz älemdäki garaňky çuňluklaryň emele gelmeginiň otnositellik nazaryýetiniň ygtybarly çaklamasy bolup durýandygynyň üstüni açdy. Baýraga eýe bolan Raýnhard Gensel we Andrea Gez hem öz gezeginde Akmaýanyň ýolunyň merkezindäki ýyldyzlaryň orbitalary tarapyndan dolandyrylýan göze görünmeýän has uly jisimi tapdylar.
«Genetiki gaýçy»
oýlap tapan zenanlar
7-nji oktýabrda himiýa boýunça Nobel baýragy CRISPR/Cas9 genini rejeleýän usulyýeti işläp düzen zenanlar Emmanuel Şarpantýe we Jennifer Dudne berildi. Häzirki wagtda Germaniýada işleýän fransuz mikrobiology Şarpantýe we onuň kärdeşi amerikaly biohimik Jennifer Dudne birnäçe ýyl ozal bakteriýalarda molekulýar «immuniteti» ýüze çykaryp, olaryň wiruslardan goraýandygyny anykladylar. Alymlar «genleri bejerip» bilýän «DNK gaýçy» atly CRISPR-Cas9 usulyýetini 2012-nji ýylda ýüze çykarypdylar. Olary adamlarda we haýwanlarda genleri rejelemekde, mysal üçin süýji keselini, leýkemiýany we şizofreniýany bejermekde ulanyp boljakdygyny anykladylar. Şonuň ýaly hem häzirki wagtda dünýäniň dürli ýurtlarynyň alymlary «gen rejegärini» AIDS we nesil yzarlaýan keseller ýaly çynlakaý keselleri bejermekde çemeleşmeler döretmek üçin ulanýarlar. Netijede, bu usulyýet arkaly ösümlikleriň, haýwanlaryň we mikroorganizmleriň genlerini özgerdip bolýar.
Özboluşly şahyrana sesi
üçin sylaglandy
8-nji oktýabrda Nobeliň edebiýat boýunça baýragy ABŞ-ly şahyr zenan Luiza Gluga «Kämil gözelligi bilen şahsyýetiň barlygyny köp taraply edýän özboluşly şahyrana sesi üçin» berildi. Luiza Gluk 1968-nji ýylda «Nowbahar çaga» atly goşgular ýygyndysy bilen ilkinji gezek häzirki zaman amerikan edebiýatynyň iň görnükli şahyrlarynyň biri hökmünde ykrar edildi. Onuň galamyndan jemi 12 sany goşgular ýygyndysy çykdy. Luiza Glugyň eserleri aýdyňlyga ymtylmagy bilen tapawutlanýar. Durmuş meseleleri hem-de ene-ataň we doganlaryň bilen ýakyn aragatnaşykda bolmak onuň eserleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Şahyr özüniň ajaýyp şygyrlaryny adatça, rowaýatlardan we nusgawy ýörelgelerden ylham alyp döredýär.
Parahatçylyga goşan goşandy
nazara alyndy
9-njy oktýabrda Parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna Bütindünýä Azyk Maksatnamasynyň (World Food Programme, WFP) mynasyp bolandygy habar berildi. Beýanatda WFP-iň açlyga garşy edýän tagallalary, dürli sebitlerde parahatçylyga goşan goşandy we açlygyň öňüni almakda öňdebaryjy güýç hökmünde çykyş edendigi nazara alnyp bu baýrak bilen sylaglanandygy bellenilýär.
12-nji oktýabrda Alfred Nobeliň hormatyna Şwesiýanyň döwlet banky tarapyndan 1968-nji ýylda döredilen ykdysadyýet boýunça baýragyň eýesi belli bolar. Lukmançylyk, fizika, himiýa, edebiýat we ykdysadyýet boýunça baýraklar Şwesiýanyň paýtagty Stokgolmda, Parahatçylyk baýragy bolsa, Norwegiýanyň paýtagty Osloda mälim edilýär. 1901-nji ýyldan bäri berilýän abraýly halkara baýragynyň şu ýylky pul möçberi 10 million krona (1 million dollar) deňdir.