Şu ýyl 1 mil­li­on 800 müň­den gow­rak adam Mek­ge şä­he­rin­de haj par­zy­ny berjaý etdi. Bu ba­ra­da “Al-Ara­bi­ýa” te­le­ýaý­ly­my Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň Sta­tis­ti­ka eda­ra­sy­na sal­gy­la­nyp, ha­bar ber­di.
Te­le­ýaý­ly­myň ha­ba­ry­na gö­rä, da­şa­ry ýurt­lar­dan 1 mil­li­on 325 müň adam Sa­ud Ara­bys­ta­ny­na bar­dy. Haj par­zy­ny ýe­ri­ne ýe­ti­ren mu­sul­man­la­ryň 537 müň­den gow­ra­gy Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň öz ra­ýat­la­ry­dyr. Ha­jy­la­ryň 1 mil­li­on 82 mü­ňi er­kek, 780 müň­den gow­ra­gy ze­nan maş­ga­la­lar­dyr.
Haj döw­rün­de Gur­ban baý­ra­my bel­le­nip ge­çil­ýär. Şu ýyl Gur­ban baý­ra­my 12-nji sent­ýabr­da baş­lap, kä­bir ýurt­lar­da 3 gün, kä­bi­rin­de has köp gün dowam etdi. Ru­hy päk­li­giň hem-de sa­ha­wat­ly­ly­gyň baý­ra­my ha­sap­lan­ýan bu baý­ra­myň esa­sy däp-des­su­ry baý­ram na­ma­zyn­dan soň­ra jan­ly (go­ýun, ge­çi, dü­ýe, sy­gyr) gur­ban et­mek­den yba­rat­dyr.