N.I.Wa­wi­low adyn­da­ky ösüm­lik­le­riň ge­ne­ti­ki çeş­me­le­ri­niň Bü­tin­rus ins­ti­tu­ty­nyň hü­när­men­le­ri De­mir­ga­zyk pol­ýus­da ga­wun we gar­pyz ös­dü­rip ýe­tiş­dir­di­ler. Hü­när­men­ler go­wy ne­ti­je alan­dyk­la­ryny aý­dyp, mun­dan soň­ra şol şert­ler­de ki­wi aga­jy­ny ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek is­le­ýän­dik­le­ri­ni bel­le­ýärler. Ins­ti­tu­tyň alym­la­ry mun­dan ozal ýur­duň gü­nor­ta­syn­da­ky Ku­ban stan­si­ýa­syn­da hem ga­wun-gar­pyz ekip gö­rüp­dir­ler. Ne­ti­je­de, De­mir­ga­zyk pol­ýus­da hem Ku­ban stan­si­ýa­syn­da­ky ýa­ly ne­ti­je alyn­dy. Ins­ti­tu­tyň sek­re­ta­ry Ýu­li­ýa Uha­to­wa kä­bir ge­no­tip­le­riň pol­ýus şert­le­rin­de has go­wy ne­ti­je ber­jek­di­gi­ni we mi­wä dur­jak­dy­gy­ny pi­kir eden­dik­le­ri­ni aýd­ýar. Uha­to­wa: – Pol­ýus­da gün­di­ziň uzak wagt­lap do­wam et­me­gi bir­nä­çe mi­wä­ni saý­la­ma­gy­my­za se­bäp bol­dy. Bu­lar­dan ga­wun we gar­pyz has go­wy ne­ti­je ber­di, Pol­ýus stan­si­ýa­syn­da­ky mi­wä­niň hi­li örän go­wy. Ge­çi­ri­len bar­lag­lar mi­wä­niň ag­ra­my­nyň Ku­ban stan­si­ýa­syn­da­ky bi­len de­ňe­çer­di­gi­ni gör­kez­ýär – di­ýip bel­le­ýär. Şeý­le hem pol­ýus­da ýe­tiş­di­ri­len ga­wun­dyr gar­py­zyň ta­ga­my­nyň we hi­mi­ki dü­zü­mi­niň Ku­ban­da­ky­lar bi­len de­ňe­çer­di­gi mä­lim edil­di. Uha­to­wa sa­ry gar­py­zyň pol­ýus şert­le­rin­de iň go­wy ýe­ti­şen ösüm­lik bo­lan­dy­gy­ny aýd­ýar. Rus­si­ýa­nyň de­mir­ga­zyk-gün­ba­ta­ryn­da­ky tej­ri­be stan­si­ýa­sy 1923-nji ýyl­da bo­ta­nik Ni­ko­laý Wa­wi­low ta­ra­pyn­dan esas­lan­dy­ry­lyp­dyr.

Söh­bet Aşy­row,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.