Ýa­po­ni­ýa­nyň iri kom­pa­ni­ýa­la­ry «Soft­Bank» hem-de beý­le­ki­ler öňü­miz­dä­ki 10 ýyl­da ýur­duň çä­gin­de 5G ul­ga­my üçin je­mi 38 mil­liard dol­lar möç­be­rin­de ma­ýa go­ýum­la­ry öz­leş­dir­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär.
Ýa­po­ni­ýa­nyň kom­pa­ni­ýa­la­ry dün­ýä­niň beý­le­ki ýurt­la­ry­nyň de­giş­li kom­pa­ni­ýa­sy bi­len has tä­ze we has çalt iş­le­jek 5G ara­gat­na­şyk ul­ga­my­ny dö­ret­mek ug­run­da bäs­leş­ýär. 5G ul­ga­my köp muk­dar­da ma­ýa go­ýum­la­ry­ny ta­lap ed­ýär we ama­ly pro­gram­ma­la­ry­nyň di­ňe yk­jam ara­gat­na­şyk bi­len çäk­len­män, dür­li pu­dak­la­ra ýaý­ra­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Bu ýur­duň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni hem ne­ti­je­li ös­dü­rer.
«Soft­Bank» kom­pa­ni­ýa­lar to­pa­ry 5G ul­ga­my­ny dö­ret­mek üçin 2 tril­li­on ýen (tak­my­nan 19 mil­liard dol­lar) ma­ýa goý­ma­gy me­ýil­leş­dir­di. Bu hem ýa­kyn 10 ýyl­da 350 müň­den gow­rak esa­sy ara­gat­na­şyk be­ket­le­ri­ni gur­ma­gy­na müm­kin­çi­lik be­rer. Hä­zir­ki wagt­da «Soft­Bank» uzak möh­let­le­ýin tor ösüş stra­te­gi­ýa­sy­ny yg­lan eden Ýa­po­ni­ýa­nyň il­kin­ji te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa kom­pa­ni­ýa­sy­dyr.
Kom­pa­ni­ýa 5G-niň tä­jir­çi­lik ta­ra­py­na has köp äh­mi­ýet be­rer. Umu­man, 5G ul­ga­my luk­man­çy­lyk we aw­to­nom ulag­lar ýa­ly beý­le­ki ugur­lar­da mag­lu­mat­la­ry köp ta­lap ed­ýän go­şun­dy­la­ryň mun­dan beý­läk-de ös­dü­ril­me­gi­ne giň­den ýar­dam be­rer.

Ene­gül TA­ŇYR­BER­DI­ÝE­WA,
Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki Ag­ro­se­na­gat or­ta hü­när
okuw mek­de­bi­niň mu­gal­ly­my.