Russiýa Federasiýasynyň Döwlet Dumasyna geçen saýlawlarda ses bermegiň ähli sebitlerde tamamlanmagy bilen, Merkezi saýlaw komissiýasy tarapyndan ilkinji netijeler mälim edildi. Maglumatlara görä, ses berişligiň ilkinji netijelerine laýyklykda, «Ýedinaýa Russiýa» partiýasy 55,9% ses alyp, öňdäki orny eýeleýär. Ikinji orny 13,8% bilen KPRF, üçünji orny bolsa 9,3% ses bilen LDPR eýeleýär. Şeýle hem «Täze adamlar» 8%, «Adalatly Russiýa» 5,1% ses alyp, bellenen 5 göterimlik päsgelçilikden üstünlikli geçdiler. Saýlawlara gatnaşan beýleki bäş partiýa saýlaw tertibi boýunça bellenen 5 göterimlik päsgelçilikden geçip bilmedi.
Şeýle hem, Bütinrussiýa jemgyýetçilik pikirini öwreniş merkeziniň (WSIOM) barlaglary täze saýlanjak parlamentde ozalky çagyryşdaky şol bir bäş partiýanyň orun aljakdygyny çaklamaga esas berýär. Sorag-jogap wagtynda «Ýedinaýa Rossiýa» 49,4%, KPRF 14,2%, LDPR 10,7%, «Täze adamlar» 9,7% we «Adalatly Russiýa» 6,6% ses alyp biler. Bäsdeşlikde yza galan beýleki partiýalar bolsa şu aşakdaky netijeleri gazandylar: Pensionerler partiýasy – 3,3%, “Russiýanyň kommunistleri” – 2,1%, “Ýaşyllar” — 1,1%, “Rodina” – 1% we Göni demokratiýa partiýasy – 0,4% ses aldy.
Russiýanyň Merkezi saýlaw komissiýasy saýlawlara gatnaşygyň 55 göterim bolandygyny aýdyp, 3 million 30 müň 825 saýlawçynyň internet arkaly ses berendigini mälim etdi.
Döwlet Dumasynyň 450 agzasy bar.
PDF








