Hä­zir­ki wagt­da «akyl­ly» öý­ler dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy ýurt­la­ryn­da ga­bat ge­lip, ýa­şaý­jy­lar üçin amat­ly­ly­gy, bi­na­gär­lik we teh­no­lo­gi­ýa ba­bat­da ösen­di­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­ny özün­de jem­le­ýän «akyl­ly» ul­gam­lar öý­de ener­gi­ýa­nyň tyg­şyt­lan­ma­gy­na, öý en­jam­la­ry­ny uzak­dan do­lan­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Şeý­le-de, ýa­şaý­jy­la­ryň ýo­ka­ry ra­hat­ly­gy­ny üp­jün ed­ýär. Bu ýer­de äh­li elekt­rik en­jam­la­ry­ny uzak ara­lyk­dan, my­sal üçin, smart­fon ýa-da ses buý­ru­gy ar­ka­ly do­lan­dyr­mak müm­kin. Öý en­jam­la­ry ula­ny­jy­nyň uzak­dan te­le­fon ar­ka­ly ýa­zyp ibe­ren buý­ruk­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­ýär­ler. Şeý­le hem «kö­mek­çi­ler» ses­li buý­ruk­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­ýär­ler. «Akyl­ly» öýüň köp ýe­rin­de dür­li du­ýu­jy ab­zal­lar ýer­leş­di­ri­lip, howp­suz­lyk ka­me­ra­la­ry, ses ga­tal­dy­jy­lar, çy­ra­lar we beý­le­ki en­jam­lar bi­ri-bir­le­ri bi­len saz­la­şyk­ly iş­le­ýär­ler. Öýüň için­dä­ki ul­gam ge­çi­ri­ji­li ýa-da ge­çi­ri­ji­siz ýag­daý­da bi­rik­di­ril­ýär. Bu bi­te­wi ul­ga­myň äh­li­si­ni smart­fon ar­ka­ly, ýag­ny bir ýer­den do­lan­dy­ryp bol­ýar. Uzak­dan do­lan­dyr­mak üçin bol­sa ýö­ri­te prog­ram­ma bol­ýar. Bu öý­de sen­sor­lar, «akyl­ly» çy­ra­lar, ka­me­ra­lar, ser­gin­le­di­ji­ler in­ter­net ar­ka­ly bi­rik­di­ril­ýär. How­lu­ly jaý­lar­da bol­sa, be­zeg ösüm­lik­le­ri­niň ýa-da bak­ja ekin­le­ri­niň su­wa­ryl­ma­gy hem bu ul­gam ar­ka­ly ama­la aşy­ry­lyp bi­lin­ýär. Şeý­le hem siz da­şar­da wag­ty­ňyz öý­den ha­bar­ly bol­ma­ga hem ýar­dam ed­ýär. To­zan so­ru­jy, kir ýu­wu­jy, suw gyz­dy­ry­jy, ho­wur­peç ýa­ly en­jam­la­ryň uzak­dan iş­le­dil­me­gi ula­ny­jy­nyň wag­ty­ny ep-es­li tyg­şyt­la­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Bu ul­gam­la­ry di­ňe öý­de däl, iş ýer­le­rin­de hem gur­mak bol­ýar. «Akyl­ly» öýüň il­kin­ji nus­ga­sy 1960-njy ýyl­lar­da peý­da bol­ýar. Şol dö­wür­dä­ki ul­gam di­ňe öýüň içi­niň ýy­ly­ly­gy­ny bel­li bir de­re­je­de sak­la­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär­di.
Toý­bi­bi Kö­me­ko­wa,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk
ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.