Paý­tag­ty­myz­da 21-23-nji sent­ýabr ara­ly­gyn­da “Ki­tap – hyz­mat­daş­ly­gyň we ösü­şiň ýo­ly” at­ly ne­şir önüm­le­ri­niň XI hal­ka­ra ki­tap ser­gi-ýar­mar­ka­sy we yl­my mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di. “Ki­tap – hyz­mat­daş­ly­gyň we ösü­şiň ýo­ly” di­ýen şy­gar as­tyn­da ge­çi­ril­ýän ki­tap fo­ru­my ýur­du­myz­da şu ýy­lyň “Mi­ra­sa sar­pa goý­mak, Wa­ta­ny öz­gert­mek ýy­ly” diý­lip yg­lan edil­me­gi bi­len bag­ly­lyk­da, aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe bol­dy.

Ser­gi-ýar­mar­ka­sy­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy­na hö­kü­met ag­za­la­ry, Mej­li­siň, mi­nistr­lik­le­riň hem-de eda­ra­la­ryň, Türk­me­nis­tan­da iş­le­ýän dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry, ylym hem-de me­de­ni­ýet iş­gär­le­ri, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri, ta­lyp ýaş­lar gat­naş­dy­lar. Bu ýe­re ýyg­na­nan­lar hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň fo­ru­ma gat­na­şy­jy­la­ra ibe­ren Gut­la­gy­ny uly üns bi­len diň­le­di­ler.
Ser­gi önüm­le­ri­ni gör­kez­me­giň öz­bo­luş­ly­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýan ki­tap ser­gi­si­niň şy­ga­ry “Gel­je­ge alyp bar­ýan geç­mi­şi aýaw­ly sak­la­mak” diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň eser­le­ri gör­ke­zi­len mer­ke­zi di­war­lyk ser­gä gel­ýän­le­riň ün­sü­ni özü­ne çek­di. Şeý­le hem bu ýer­de Türk­me­nis­tan­da çap edil­ýän ga­zet­le­riň we žur­nal­la­ryň ar­hiw nus­ga­la­ry­ny, dür­li öl­çeg­dä­ki ki­tap­la­ry gör­mek bol­ýar.
XI Hal­ka­ra ki­tap ser­gi-ýar­mar­ka­sy­nyň işi­ne dün­ýä­niň 19 ýur­dun­dan, şol san­da ABŞ-dan, Rus­si­ýa­dan, Hy­taý­dan, Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­dan, Awst­ri­ýa­dan, Pol­şa­dan, Al­ba­ni­ýa­dan, Tür­ki­ýe­den, Eý­ran­dan, Pa­kis­tan­dan, Be­la­rus­dan, Uk­rai­na­dan, Mol­do­wa­dan, Azer­baý­jan­dan, Er­me­nis­tan­dan, Ga­za­gys­tan­dan, Öz­be­gis­tan­dan, Tä­ji­gis­tan­dan, Gyr­gy­zys­tan­dan eks­po­nent­ler gat­naş­dy.
Ser­gä türk­men ta­ra­pyn­dan pu­dak eda­ra­la­ry, ugur­daş kär­ha­na­lar, ki­tap­ha­na­lar, ar­hiw­ler, hu­su­sy ul­ga­myň köp­san­ly we­kil­le­ri we hu­kuk­çy­lar gat­naş­dy­lar. Şeý­le hem bu ýer­de ne­şir­ýat, po­lig­ra­fi­ýa we ki­tap­ha­na işi­niň ga­za­nan­la­ry, tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­lar we me­dia-önüm­ler giň­den gör­ke­zil­di. Şo­nuň bi­len bir­lik­de, ki­tap fo­ru­my ki­ta­ba hem-de ki­tap işi­ne gy­zyk­lan­ma­gy art­dyr­ma­ga, pu­da­gyň in­no­wa­si­ýa­la­ry ba­ra­da mag­lu­mat­la­ry al­ma­ga, öza­ra peý­da­ly tej­ri­be edin­mä­ge ýar­dam ber­ýär. Bu me­se­le­ler “Ki­tap – hyz­mat­daş­ly­gyň we ösü­şiň ýo­ly” at­ly yl­my mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­la­ryň üns mer­ke­zin­de bol­dy. Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy­nyň mas­la­hat­lar za­lyn­da ge­çi­ri­len bu mas­la­ha­ta ne­şir­ýat to­par­la­ry­nyň, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň, ki­tap­ha­na­la­ryň we­kil­le­ri, po­lig­ra­fi­ýa önüm­çi­li­gi­niň ul­ga­myn­da­ky hü­när­men­ler, ede­bi­ýat­çy­lar we žur­na­list­ler gat­naş­dy­lar.
«Zaman–Türkmenistan».