Bir kg tü­wi ön­dür­mek üçin 5 ton­na suw sarp edil­ýär.
Ýe­re bol suw yzy­gi­der­li goý­be­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýän dä­ne­li eki­ne şa­ly di­ýil­ýär. Şol eki­niň da­şy­nyň aras­sa­lan­ma­gy bi­len alyn­ýan dä­nä tü­wi di­ýil­ýär. «Şa­ly suw­suz bol­maz, pa­law – bug­suz» (na­kyl).
Ýur­du­myz­da bol ha­sy­ly alyn­ýan şa­ly Hy­taý, Hin­dis­tan, Bang­la­deş, In­do­ne­zi­ýa, Tai­land ýa­ly ýurt­lar­da ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýär.
Her ýyl­da dünýäde or­ta­ça 500 mil­li­on ton­na tü­wi ön­dü­ril­ýär.
Ýer ýü­zün­de iň köp mek­ge­jö­we­niň ha­sy­ly alyn­ýar. Şa­ly dä­ne­li ekin­le­riň ara­syn­da iň köp ha­sy­ly alyn­ýan ikin­ji ekin ha­sap­lan­ýar.
Ön­dü­ri­len tü­wi­niň uly bö­le­gi aş­ha­na­da dür­li ta­gam­la­ry taý­ýar­la­mak üçin ula­nyl­ýar. Şeý­le hem üwe­lip un we krah­mal ön­dü­ril­ýär.
Ýer ýü­zün­de tü­wi­niň 7-10 müň tö­we­re­gi gör­nü­şi bar. Olar daş­ky şe­ki­li, ulu­ly­gy, reň­ki, ha­syl­ly­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar.
Şa­ly Uzak Gün­do­gar ýurt­la­ryn­da dag eň­ňit­le­ri­nde ekil­ýär. Şa­ly dag etek­le­rin­de çil hök­mün­de ula­nyl­ýan bir­nä­çe asyr ozal örü­len di­war­la­ryň ara­syn­da­ky atyz­la­ra ekil­ýär.
Üwel­me­dik şa­ly bir­nä­çe ýyl­lap za­ýa­lan­man sak­lan­ýar.
Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, şa­ly mi­la­dy­dan ozal­ky 3000-nji ýyl­lar­dan bä­ri ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýär.

Baýly Myradow, S. A. Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.