Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly ýol­baş­çy­ly­gyn­da Türk­me­nis­tan di­ýa­ry­myz­da mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 25 ýyl­lyk şan­ly baý­ram­çy­ly­gy ulu­dan tu­tul­ýar. Bu şan­ly se­nä­niň öňü­sy­ra­syn­da ýur­du­my­zyň sy­ýa­sy-jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şyn­da ta­ry­hy wa­ka bo­lup geç­di. Ýur­du­my­zyň Ýa­şu­lu­la­ry­nyň mas­la­ha­tyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­nyň re­je­le­nen gör­nü­şi ka­bul edil­di. Paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky türkmen milli institutynyň mej­lis­ler za­lyn­da Esa­sy ka­nu­ny­my­zyň re­je­le­nen gör­nü­şi­niň ka­bul edil­me­gi my­na­sy­bet­li met­bu­gat ýyg­na­gy ge­çi­ril­di. Ol so­wal-jo­gap esa­syn­da özü­niň ne­ti­je­li­li­gi bi­len ta­pa­wut­lan­dy.
Umu­man aý­dy­lan­da, met­bu­gat bri­fin­gi­ne ýur­du­myz­da­ky da­şa­ry ýurt dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ry­nyň we­kil­le­ri, ga­zet-žur­nal­la­ryň re­dak­tor­la­ry, ýer­li we da­şa­ry ýurt köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri gat­naş­dy.
Bri­fin­giň çäk­le­rin­de Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň de­pu­tat­la­ry ýur­du­my­zyň Esa­sy Ka­nu­ny­nyň re­je­le­nen gör­nü­şi­ni taý­ýar­la­mak ba­bat­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da he­re­ket eden kons­ti­tu­si­on to­pa­ryň işi ba­ra­da hem-de ýur­du­my­zyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­na gi­ri­zi­len üýt­get­me­ler we goş­ma­ça­lar ba­ra­da gi­ňiş­le­ýin gür­rüň ber­di­ler.
Met­bu­gat ýyg­na­gyň bar­şyn­da edi­len çy­kyş­lar­da mil­li Li­de­ri­mi­ziň ir­gin­siz ala­da­la­ry bi­len ýur­du­my­zyň Esa­sy Ka­nu­ny­nyň hal­ka­ra hu­kuk ka­da­la­ry­na la­ýyk­lyk­da tä­ze­den taý­ýar­la­nan­dy­gy­ny we hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň “Döw­let adam üçin­dir!” şy­ga­ry­nyň mil­li ka­nun­çy­ly­gy­myz­da öz be­ýa­ny­ny ta­pan­dy­gy­ny mä­lim et­di­ler.
Mej­li­siň de­pu­tat­la­ry ýur­du­myz­da­ky kons­ti­tu­si­on öz­gert­me­ler esa­syn­da hal­ka­ra ül­ňü­le­ri­ne do­ly la­ýyk gel­ýän Esa­sy Ka­nu­ny­myz mil­li jem­gy­ýe­ti­mi­ziň tä­ze ösüş ýo­lun­da ýol gör­ke­zi­ji şam­çy­rag bol­jak­dy­gy­ny bel­läp geç­di­ler. Ýur­du­my­zyň Esa­sy Ka­nu­ny­nyň ýur­duň äh­li ra­ýat­la­ry­nyň iş­jeň gat­naş­ma­gy esa­syn­da taý­ýar­la­nan­dy­gy hem-de bu uly jo­gap­kär­çi­lik­li sy­ýa­sy çä­re Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň, Ýew­ro­pa­da Howp­suz­lyk hem-de Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň we beý­le­ki ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň bi­ler­men­le­ri­niň hem gat­naş­ma­gy­na giň müm­kin­çi­lik dö­re­di­len­di­gi­ni mä­lim et­di­ler.
Ýyg­nak­da edi­len çy­kyş­lar­da, esa­san hem, ýur­du­my­zyň ra­ýat­la­ry­nyň hu­kuk azat­lyk­la­ry, ola­ryň hu­kuk­la­ry­nyň go­rag­ly­ly­gy­ny güýç­len­dir­mek ba­bat­da köp san­ly tä­ze mad­da­la­ryň go­şu­lan­dy­gy ha­bar be­ril­di. Mun­dan baş­ga-da mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­myz­da hu­su­sy te­le­ke­çi­li­giň ös­dü­ril­me­gi­ne giň ýol açy­lan­dy­gy we te­le­ke­çi­le­riň ne­ti­je­li iş­le­me­gi­ne äh­li müm­kin­çi­lik­le­riň dö­re­dil­me­gi na­za­ra al­nyp, Esa­sy Ka­nu­ny­myz­da hu­kuk gi­ňiş­li­gi­niň dö­re­di­len­di­gi bel­le­nip ge­çil­di.
«Zaman–Türkmenistan».