«Türk­me­nis­tan – Bi­ta­rap­ly­gyň me­ka­ny» ýy­ly­nyň şöh­rat­ly wa­ka­la­ry­na bes­len­ýän mäh­ri­ban Wa­ta­ny­myz Gahryman Arkadagymyzyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da be­dew ba­dy bi­len ynam­ly öňe bar­ýar. Her bir gü­ni ta­ry­hy wa­ka­la­ra bes­len­ýän Wa­ta­ny­myz­da he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň şan­ly 25 ýyl­lyk to­ýu­nyň öňü­sy­ra­syn­da ýur­du­myz­da dür­li de­re­je­dä­ki sport ýa­ryş­la­ry ge­çi­ril­ýär. Bu sport ýa­ryş­la­ry­na yzy­gi­der­li gy­zyk­la­nma­la­ryň art­ma­gy sport we sag­dyn­ly­gyň ýur­dy bo­lan Türk­me­nis­tan­da milli Liderimiziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň ör­bo­ýu­na gal­ýan­dy­gy­nyň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy­dyr.
«Türk­me­nis­tan – Bi­ta­rap­ly­gyň me­ka­ny» ýy­lyn­da ýur­du­my­zyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň dün­ýä bi­le­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan yk­rar edil­me­gi­niň şan­ly 25 ýyl­ly­gy giň­den bel­le­ni­lip ge­çil­ýär. Bu şan­ly baý­ram­çy­ly­gyň öňü­sy­ra­syn­da ýur­du­my­zyň Sport we ýaş­lar sy­ýa­sa­ty mi­nistr­li­gi­niň de­giş­li dü­züm­le­ri ta­ra­pyn­dan ge­çi­ril­ýän spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça ýur­du­my­zyň açyk çem­pio­nat­la­ry hem baý­ram­çy­lyk şow­hu­ny­ny go­şa­lan­dyr­ýar.
Ýa­ňy-ýa­kyn­da, ýur­du­my­zyň Ten­nis fe­de­ra­si­ýa­sy ta­ra­pyn­dan Türk­me­nis­ta­nyň açyk ten­nis çem­pio­na­ty ba­dal­ga al­dy. Bu ýa­ryş, ýur­duň ku­bo­gyny al­mak ug­run­da­ky bäs­le­şik bol­mak bi­len çäk­len­män, eý­sem, Ten­nis fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň se­ne­na­ma­syn­da­ky iň mö­hüm­ bäsleşiklerden bi­ri­dir.
Şeý­le hem ýur­du­myz­da Türk­me­nis­ta­nyň Sport we ýaş­lar sy­ýa­sa­ty mi­nistr­li­gi­niň, Bil­ýard sporty fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň, Aş­ga­bat şä­her hä­kim­li­gi­niň bi­le­lik­de gu­ra­ma­gyn­da he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň 25 ýyl­lyk baý­ra­my my­na­sy­bet­li, spor­tuň bil­ýard gör­nü­şi bo­ýun­ça ýur­du­my­zyň açyk çem­pio­na­ty ge­çi­ril­di. 2017-nji ýyl­da Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň ge­çi­ril­me­gi ýur­du­myz­da tä­ze sport fe­de­ra­si­ýa­la­ry­nyň dö­re­me­gi­ne giň müm­kin­çi­lik aç­dy. Şo­la­ryň bi­ri hem Bil­ýard spor­ty fe­de­ra­si­ýa­sy­dyr. Ýur­du­myz­da bil­ýard spor­ty bi­len meş­gul­lan­ýan­la­ryň sa­ny yzy­gi­der­li art­ýar. Bil­ýard oý­ny bi­len meş­gul­lan­ýan­la­ryň mer­gen­lik we dürs­lük hä­si­ýet­le­ri ösen bol­up, olar oý­lan­yşyk­ly we ny­şa­na ur­mak ba­ba­tyn­da üns­li bol­ýar­lar. Ola­ryň psi­hi­ki taý­dan ra­hat­ly­gy we çen tut­mak ukyp­la­ry ösen bol­ýar. El­bet­de, bu hä­si­ýet­le­riň ös­me­gi we bil­ýard spor­tu­nyň tür­ge­ni bol­mak üçin yzy­gi­der­li tür­gen­le­şik geç­mek wa­jyp­dyr. Mu­nuň üçin bol­sa, ýur­du­myz­da ýö­ri­te, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri we bil­ýard mer­kez­le­ri hal­ky­myz üçin he­re­ket ed­ýär.
Mun­dan baş­ga-da, Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­niň Ýe­ňil at­le­ti­ka top­lu­my­nyň bow­ling za­lyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Sport we ýaş­lar sy­ýa­sa­ty mi­nistr­li­gi­niň, Bow­ling fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň, Aş­ga­bat şä­her hä­kim­li­gi­niň bi­le­lik­de gu­ra­ma­gyn­da, Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň he­ma­ýat­kär­lik et­me­gin­de bow­ling bo­ýun­ça ýur­du­my­zyň açyk çem­pio­na­ty ge­çi­ril­di. Oňa bow­ling spor­ty bi­len gy­zyk­lan­ýan ýaş­la­ryň on­lar­ça­sy gat­na­şyp, öz ba­şar­nyk­la­ry­ny gör­kez­di­ler. Bu­lar­dan baş­ga-da, agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça ýur­duň açyk çem­pio­na­ty ge­çi­ril­di.
Şeý­le hem şu gün­ler «Türk­me­nis­tan – ru­hu­be­lent­li­giň we sag­dyn­ly­gyň ýur­dy» at­ly XII spar­ta­kia­da­nyň çä­gin­dä­ki ýa­ryş­lar do­wam ed­ýär. Ola­ra ýaş­la­ryň uly hö­wes bi­len gat­naş­ma­gy we sport us­sat­ly­gy­dyr er­jel­li­gi­ni gör­kez­me­gi ýa­ry­şa bo­lan gy­zyk­lan­ma­ny has-da art­dyr­ýar.
Hal­ky­my­zyň asu­da, pa­ra­hat, er­kin dur­muş­da, ýa­şa­ma­gy ba­ra­da çuň­ňur ala­da ed­ýän hormatly Prezidentimiziň ta­gal­la­sy bi­len ra­ýat­la­ryň sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ne eýer­mek­le­ri ba­ra­da tu­tum­ly iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Şo­la­ryň ne­ti­je­sin­de, ge­çi­ril­ýän sport bäs­le­şik­le­ri­dir ýa­ryş­la­ry hem türk­men ýaş­la­ry­na spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri­ne bo­lan gy­zyk­lan­ma­la­ry­ny art­dyr­mak bi­len ýur­du­my­zyň sport ab­ra­ýy­ny has-da be­len­de gal­dyr­ma­ga giň müm­kin­çi­lik­ler ber­ýär.

Dür­li ARS­LA­NO­WA,
Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let
uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.