Soňky ýyllarda tehnologiýa ulgamynda has köp maýa goýumlaryny özleşdirýän Hytaýyň smartfon öndüriji kompaniýalarynyň üçüsi birnäçe ýyl bäri bu bazarda öňdeligi eýeläp gelýän «Apple» we «Samsung» kompaniýalary bilen bäsleşip başladylar. «Huawei» we «Xiaomi» kompaniýalary «Apple»-den ozduran bolsa, «Oppo» kompaniýasy 5-nji orny eýeledi.
«Gartner» kompaniýasynyň taýýarlan maglumatyna görä, 2020-nji ýylyň 3-nji çärýeginde ykjam telefonlar bazarynda «Samsung» öňdeligi eýeleýär. Kompaniýanyň bazar paýy 22 göterim bolup, 80,8 million telefon satuwyny amala aşyrdy. Ikinji orundaky «Huawei» kompaniýasynyň bazar paýy 14,1 göterim bolup, söwdasy 51,83 milliona barabar boldy.
«Xiaomi» kompaniýasy her ýyl 34,9 göterim ösüş bilen üçünji çärýekde 44,41 million telefon satdy we bazardaky paýyny 12,1 göterime ýetirdi. Bu görkezijiler bilen hytaýly kompaniýa 3-nji orna geçdi. «Apple» we «Oppo» kompaniýalary bolsa, degişlilikde, 40,5 million we 29,89 million telefon söwdasy bilen dördünji we bäşinji orny eýeledi. «Gartner» kompaniýasynyň maglumatyna görä, dünýäde degişli döwürde öňki ýyl bilen deňeşdireniňde, telefon söwdasy 5,7 göterim azalyp, 366 milliona deň boldy.
Aýjeren BATYROWA,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby.