Mongoliýanyň Prezidenti Sahiagiýn Elbegdorž şu ýylyň 15-18-nji sentýabry aralygynda Kuba döwletinde resmi saparda boldy. Ol bu ýerde Kubanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy hem-de Döwlet Geňeşiniň ýolbaşçysy Raul Kastro bilen duşuşyp, esasan hem, iki ýurduň arasyndaky döwletara gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşdy. Şeýle hem taraplar oba hojalygy, dürli önümleriň önümçiligini ýola goýmak, derman senagaty babatda hyzmatdaşlyk etmegiň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşdy.
Kubanyň ýolbaşçysy iki ýurduň biri-birine halkara arenada goldaw berýändigini belläp, şol däbiň mundan beýläk-de dowam etdirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny mälim etdi. Şeýle hem ol bu saparyň Kuba bilen Mongoliýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda örän möhüm ähmiýete eýe bolandygyny belledi.
Mongoliýanyň Prezidenti bolsa, öz gezeginde, Kubanyň Mongoliýa bilen diplomatik gatnaşyklaryny ýola goýan Latyn Amerika yklymyndaky ilkinji döwlet bolandygyny habar berdi. Döwlet Baştutany soňky 50 ýylyň dowamynda ýurtlaryň arasyndaky döwletara gatnaşyklarynyň has-da berkändigini aýtdy.