Sag­dyn iý­mit­len­mek sag­ly­gy ber­kit­me­giň we ke­sel­le­riň öňü­ni al­ma­gyň yg­ty­bar­ly se­riş­de­si bo­lup dur­ýar. Bü­tin­dün­ýä sag­ly­gy go­ra­ýyş gu­ra­ma­sy­nyň mag­lu­mat­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, ada­myň sag­ly­gy­nyň 60-70 gö­te­ri­mi onuň iý­mi­ti­ne we şah­sy dur­muş düz­gün­le­ri­ne, ýag­ny özü­ne bag­ly bo­lup dur­ýar. Ýo­kanç däl ke­sel­ler, şol san­da se­miz­lik, onuň bi­len bag­ly ýü­rek-da­mar, süý­jü­li dia­bet, do­wam­ly öý­ken ke­sel­le­ri we tä­ze dö­re­me­ler ýa-da wi­ta­min­le­riň, beý­le­ki ýo­kum­ly mad­da­la­ryň ýet­mez­çi­li­gi iý­mit­len­me­giň ka­da­la­ry­nyň bo­zul­ma­gy bi­len bag­ly bol­ýar.
Sag­dyn iý­mit­len­mek bi­len bir ha­tar­da, ösüp gel­ýän ýaş nes­liň be­den taý­dan sag­dyn bol­ma­gy üçin mek­dep ýa­şy­na çen­li ça­ga­la­ryň we okuw­çy­la­ryň iý­mit­le­ni­şi gö­zeg­çi­lik­de sak­la­nyp, ola­ryň iý­mit­le­ri­niň köp­dür­lü­li­gi dür­li wi­ta­min­le­re baý bo­lan gök önüm­ler, gyz­gyn na­har bi­len üp­jün edi­li­şi, ka­da­ly iý­mit­le­ni­şi­niň gün ter­ti­bi berk gö­zeg­çi­lik­de sak­lan­ýar. Ýur­du­my­zyň sag­lyk öý­le­ri­niň luk­man­la­ry, maş­ga­la luk­man­la­ry hem ilat ara­syn­da dog­ry iý­mit­len­me­gi yzy­gi­der­li wa­gyz-ne­si­hat ed­ýär­ler.
Şah­sy we jem­gy­ýet­çi­lik aras­sa­çy­lyk ter­tip-düz­gün­le­ri­ni el­my­da­ma berk ber­jaý et­mek­lik is­len­dik ýo­kanç ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak üçin mö­hüm­dir. Şah­sy aras­sa­çy­lyk ka­da­la­ry­nyň pug­ta ber­jaý edil­me­gi ke­sel­den go­ran­ma­ga oňat kö­mek ed­ýär. Hü­när­men­le­riň bel­leý­şi ýa­ly ze­rur bol­ma­sa, adam­la­ryň köp üýş­ýän ýe­ri­ne bar­mak­dan sak­lan­ma­ly. Köp­çü­lik ýer­le­rin­de, ulag­da, iş ýe­ri­ňiz­de beý­le­ki adam­lar bi­len azyn­dan 1,5-2 metr howp­suz ara­ly­gy sak­la­ma­ly. Iş ýe­ri­ňi­zi, peý­da­lan­ýan en­jam­la­ry­ňy­zy, el te­le­fon­la­ry­ňy­zy we beý­le­ki şah­sy zat­la­ry­ňy­zy ýy­gy-ýy­gy­dan bir­ge­zek­lik çyg­ly sü­pür­giç­ler bi­len sü­pü­riň. Da­şar­dan öýe ge­le­ni­ňiz­de eli­ňi­zi, ýü­zü­ňi­zi, en­da­myň açyk bö­lek­le­ri­ni sa­byn­lap ýuw­ma­ly, el­le­ri­ňi ýö­ri­te zy­ýan­syz­lan­dy­ry­jy su­wuk­ly­ga su­wa­ma­ly. El­le­şip sa­lam­laş­mak­dan, gu­jak­la­şyp gö­rüş­mek­den sak­lan­ma­ly. Üs­gü­re­ni­ňiz­de, as­gy­ra­ny­ňyz­da, ag­zy­ňy­zy we bur­nu­ňy­zy bir­ge­zek­lik el­ýag­lyk bi­len ýap­ma­ly. Şah­sy aras­sa­çy­lyk düz­gün­le­ri­niň esa­sy­la­ry hem, el­le­ri yzy­gi­der­li sa­byn bi­len ýuw­mak, agyz boş­lu­gy­ny duz­ly er­gin bi­len çaý­ka­mak­lyk, bur­nuň nem­li ör­tük­le­ri­ne “Ok­so­lin” mel­he­mi­ni çal­mak bo­lup dur­ýar. Ýa­şal­ýan otag­la­ryň pen­ji­re­le­ri­ni açyp, gü­nüň do­wa­myn­da yzy­gi­der­li şe­mal­la­dyp, ho­wa­sy­ny tä­miz­läp dur­ma­ly. Agyz boş­lu­gy­ny duz­ly suw (1 bul­gur gaý­na­dy­lyp so­wa­dy­lan su­wa 1 çaý çem­çe­si du­zy goş­ma­ly) bi­len çaý­ka­ma­ly. Otag­lar­da gü­nüň do­wa­myn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň “Türk­me­nis­ta­nyň der­man­lyk ösüm­lik­le­ri” at­ly yl­my-en­sik­lo­pe­dik eser­ler top­lu­myn­dan, yl­my esas­da öw­re­ni­len üzär­lik ösüm­li­gi­niň gu­ra­dy­lan otu­ny tüs­se­let­mek ar­ka­ly howp­suz mik­rok­li­ma­ty üp­jün et­me­li, şeý­le hem yzy­gi­der­li çyg­ly aras­sa­çy­lyk iş­le­ri­ni ge­çi­rip dur­ma­ly. Şu dö­wür­de gü­nüň do­wa­myn­da 2-2,5 lit­re çen­li aras­sa agyz su­wu­ny yzy­gi­der­lik­de, be­de­ne ag­ram sal­man iç­mek mas­la­hat be­ril­ýär.
Be­den sy­na­la­ry­ny tap­la­mak ze­rur. Mu­nuň üçin ça­ga­lyk­dan baş­lap aras­sa ho­wa­da köp­räk ge­ze­lenç et­me­li, be­den­ter­bi­ýe maşk­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­me­li, üs­tüň­den ýy­ly we sal­kyn su­wy ge­zek­leş­di­rip akyt­ma­ly. Içe­ri­ni ýe­le­ji­re­den wag­ty­ňyz­da şe­mal çek­ýän ýer­de dur­mak, so­wa­dy­jy­da du­ran suw­dan iç­mek­lik, da­şar­dan gy­zyp ge­len ba­dy­ňa ho­wa­ny ser­gin­led­ýän en­ja­myň go­la­ýy­na bar­mak­lyk mas­la­hat be­ril­me­ýär. Şeý­le hem, türk­men te­bi­ga­ty­nyň der­man­lyk ösüm­lik­le­ri bo­lan ço­pan­tel­pek, ýan­dak, nar­pyz, at­gu­lak, kä­ki­lik oty, it­bu­run ýa­ly ýur­du­my­zyň der­man se­na­ga­ty kär­ha­na­la­ryn­da mel­hem­lik de­re­je­si­ne ýe­ti­ri­lip, ýö­ri­te taý­ýar­la­ny­lan mel­hem çaý­lar­dan yzy­gi­der­li iç­mek­lik bi­len öz sag­ly­gy­ňy­zy ber­kit­me­gi hem, luk­man­lar il­deş­le­ri­mi­ze mas­la­hat ber­ýär.
Gyş pas­ly­nyň do­wam ed­ýän şu gün­le­rin­de, sag­dyn-dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni ber­jaý et­me­giň esa­sy şert­le­ri­niň bi­ri bo­lup dur­ýan, ka­da­ly iý­mit­len­me­giň düz­gün­le­ri­ni ber­jaý et­mek hem ze­rur bo­lup dur­ýar. Ka­da­ly iý­mit­len­me­gi fi­zi­ki iş­jeň­lik bi­len ut­gaş­dyr­ma­ly. Ir­den­ki maşk­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­mek ulu­lar bi­len bir ha­tar­da ça­ga­nyň hem uku­dan açyl­ma­gy­na we iş­dä­si­niň açyl­ma­gy­na, gü­nüň do­wa­myn­da şäh­da­çyk, iş­jeň bol­ma­gy­na ge­tir­ýär. Eger-de ça­ga ýö­ri­te sport gur­nak­la­ry­na gat­na­ma­ýan bol­sa, her-hi­li oýun­la­ry oý­na­mak bi­len (ýüp­de bök­mek, hal­ka­lar­da her-hi­li maşk­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­mek, how­lu­da wo­leý­bol, fut­bol oý­na­mak, na­har­dan soň ge­ze­lenç et­mek, we­lo­si­ped sür­mek we ş.m.) boş wag­ty­ňy gy­zyk­ly ge­çir­mä­ge dö­re­di­len şert­ler­den peý­da­lan­ma­ly.
Öz ýur­du­myz­da ön­dü­ril­ýän we dün­ýä ba­zar­la­ry­nyň ha­ryt­la­ry­nyň hil de­re­je­si­ne la­ýyk gel­ýän gök­dür mi­we, bak­ja önüm­le­ri­mi­zi ta­la­ba­la­ýyk aras­sa­la­nan­dan soň, ter gör­nüş­de ulan­mak­lyk hem wa­jyp­dyr. Bu iý­mit önüm­le­ri ak ba­zar­lar­dan we söw­da mer­kez­le­rin­den, sa­tyn alyn­ma­ly­dyr. Gap­la­nan iý­mit önüm­le­ri­ni, bir ge­zek iý­mek­den ga­lan ta­gam­la­ry iý­mek­den sak­lan­ma­ly­dyr. Gün­de­lik iý­mi­tiň dü­zü­mi wi­ta­min­le­re, be­lok­la­ra, dür­li peý­da­ly mi­ne­ral­la­ra baý bol­ma­ly­dyr. Şu mak­sat bi­len ter mi­we­dir gök önüm­le­ri, et we süýt önüm­le­ri­ni, ka­ka­dy­lan mi­we­le­ri köp­räk iý­mek­lik mas­la­hat be­ril­ýär.

Gül­ba­har Şyh­my­ra­do­wa,
Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let luk­man­çy­lyk uni­wer­sitw­ti­niň fa­kul­tet te­ra­pi­ýa ka­fed­ra­sy­nyň luk­man-la­bo­ran­ty.