Hä­zir­ki wagt­da Ýa­po­ni­ýa­da 100 ýa­şy­ny dol­du­ran ra­ýat­la­ryň sa­ny 65 müň 692-ä ba­ra­bar bol­dy. Bu ba­ra­da ýur­duň Sag­ly­gy go­ra­ýyş mi­nistr­li­gi Ýa­po­ni­ýa­da 19-njy sent­ýabr­da döw­let de­re­je­sin­de bel­le­nil­ýän Ýa­şu­lu­la­ryň gü­ni my­na­sy­bet­li ýaý­ra­dan mag­lu­ma­tyn­da be­ýan et­di. Bu ýur­duň ta­ry­hyn­da­ky iň uly gör­ke­zi­ji­dir. Uzak ýa­şa­ýan ra­ýat­la­ryň 88 gö­te­ri­mi ze­nan­lar­dyr. 65 müň ra­ýa­tyň ara­syn­da 100 ýa­şy ar­ka atan 8 müň er­kek bar. Uzak ýa­şa­ýan­la­ryň ara­syn­da bi­rin­ji­li­gi ýur­duň Si­ma­ne pre­fek­tu­ra­sy eýe­le­ýär.
Şeý­le­lik­de, iň gar­ry ýa­pon ze­na­ny Ka­go­si­ma pre­fek­tu­ra­syn­da ýa­şa­ýar. Ol 1900-nji ýy­lyň aw­gust aýyn­da dog­lup­dyr. To­kio şä­he­rin­de­ki Ma­sa­mi­su Ýo­si­da bol­sa 112 ýa­şy­ny dol­du­ryp, ýur­duň iň gar­ry go­ja­sy ha­sap­lan­ýar. Ýur­duň Sag­ly­gy go­ra­ýyş mi­nistr­li­gi Ýa­şu­lu­la­ryň gü­nün­de 100 ýa­şan ra­ýat­la­ra şa­ha­dat­na­ma hem-de kü­müş ku­bok iber­ýär. Mu­nuň üçin mi­nistr­lik tak­my­nan 1,5 mil­li­on dol­lar sarp ed­ýär.