3-nji dekabrda wideomaslahat arkaly ÝHHG-ä agza ýurtlaryň Geňeşiniň ministrler derejesindäki nobatdaky mejlisi öz işine başlady. Däp boýunça ýylyň ahyrynda geçirilýän iki günlük onlaýn duşuşyga Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasyna girýän döwletleriň, şol sanda Türkmenistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Gün tertibine özara gyzyklanma döredýän sebit we dünýä derejesindäki giň gerimli meseleleriň, şeýle hem bu abraýly guramanyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän köpugurly hyzmatdaşlygyň esasy syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy girizildi.
Şeýle hem umumy mejlisler geçirilip, şolaryň barşynda wekiliýetleriň baştutanlary, ÝHHG-ä agza döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň hem-de gatnaşyk alnyp barylýan hyzmatdaş ýurtlaryň ýolbaşçylary çykyş etdiler.
ÝHHG bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan parahatçylyksöýüjilik we oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanan netijeli daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.
Hususan-da, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmäge gönükdirilen Türkmenistanyň möhüm çemeleşmeleriniň hormatly Prezidentimiziň BMG-niň, ÝHHG-niň we beýleki halkara abraýly guramalaryň çäklerinde ençeme gezek eden çykyşlarynda beýan edilendigi bellenildi.
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy ählumumy pandemiýanyň ýaramaz täsirleri hem-de dünýädäki howpsuzlygyň ýagdaýy barada aýdyp, howpsuzlyk ulgamynda ÝHHG-niň bitewi strategiýasyny – birnäçe özara baglanyşykly syýasy, durmuş-ykdysady we ynsanperwer wezipeleriň çözülmegine gönükdirilen täze halkara-hukuk guralyny taýýarlamagyň mümkinçiliklerine garamagy teklip etdi.
1999-njy ýyldan bäri Aşgabatda hemişelik esasda ÝHHG-niň Merkezi hereket edýär. Şonuň bilen hyzmatdaşlykda bilelikde işlemegiň tassyklanylýan Meýilnamalarynyň çäklerinde geçen ýyllarda giň gerimli ugurlary gurşap alýan maksatlaýyn taslamalar we maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Ministrler Kabinetiniň 19-njy noýabrda wideomaslahat arkaly geçirilen giňişleýin mejlisinde habar berlişi ýaly, şu ýylyň Meýilnamasyna laýyklykda, 41 taslamanyň ýerine ýetirilmegi göz öňünde tutulýar.
Öňümizdäki 2021-nji ýylda bolsa bu san ep-esli artar. Bilelikdäki taslamalaryň 68-sini amala aşyrmak meýilleşdirilýär, şolaryň 37-si – syýasy ulgama degişli, 13-si – ykdysady ugur boýunça we 18 taslama – ynsanperwer ulgama, hususan-da, bilim, ylym hem-de medeniýet ulgamlaryna degişlidir.
Şu ýyl Gurama başlyklyk edýän Albaniýa Respublikasy bilen bilelikde, Türkmenistanyň möhüm halkara başlangyçlaryny öňe ilerletmek boýunça depginli işler alnyp baryldy.
Mejlise gatnaşyjylar halkara gatnaşyklaryndaky islendik jedelli meseleleri düzgünleşdirmekde syýasy-diplomatik usullary giňden peýdalanmagyň wajypdygyny hem-de şoňa isleg bildirilýändigini belläp, türkmen tarapynyň bu meseläniň çözülmegi babatdaky oňyn çemeleşmesini hem-de bu ugurda görýän anyk çärelerini makulladylar.
Şol çäreleriň hatarynda – Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan Halkara maslahatynyň, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça BMG-niň ýörite Kararnamasy bilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda guraljak ýokary derejeli forumyň geçirilmegi ýaly çäreler bar.
***
2-nji dekabrda Mejlisiň wekilleri Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň (YHÖG) Parlament komitetiniň onlaýn duşuşygyna gatnaşdylar. Wideoduşuşygyň baş mowzugy emeli intellekti (EI) ösdürmegiň we ulanmagyň kanunçylyk binýatlaryny emele getirmek boldy.
Onlaýn maslahatyň dowamynda YHÖG –niň ählumumy Parlament platformasynyň çäklerinde hereket etmek, ýurtlaryň Parlamentleriniň emeli intellekt we öňdebaryjy sanly tehnologiýalar ulgamyndaky başlangyçlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmen tarapynyň wekilleri Türkmenistanyň başlangyçlary esasynda ykdysadyýeti we döwlet durmuşynyň beýleki ulgamlaryny sanlylaşdyrmagy ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, häzirki zaman ylmynyň öňdebaryjy gazananlaryny ornaşdyrmaga uly üns berilýär diýip nygtadylar.
Şunuň bilen baglylykda, umumy ülňüleriň, şol sanda EI ulgamynyň ygtybarlylygyny, howpsuzlygyny kepillendirýän ülňüleriň ulanylmagy belli bir ähmiýete eýe bolýar.
Onlaýn mejlisde emeli intellekt boýunça ählumumy Parlament ulgamyny döretmegiň mümkinçilikleri, COVID-19-yň tehnologiýa gatnaşyklaryna täsiri we beýlekiler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.