Sagdyn iýmitlenmek saglygy berkitmegiň we keselleriň öňüni almagyň ygtybarly serişdesi bolup durýar. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň maglumatlaryna laýyklykda, adamyň saglygynyň 60-70 göterimi onuň iýmitine we şahsy durmuş düzgünlerine, ýagny özüne bagly bolup durýar. Ýokanç däl keseller, şol sanda semizlik, onuň bilen bagly ýürek-damar, süýjüli diabet, dowamly öýken keselleri we täze döremeler ýa-da witaminleriň, beýleki ýokumly maddalaryň ýetmezçiligi iýmitlenmegiň kadalarynyň bozulmagy bilen bagly bolýar.
Sagdyn iýmitlenmek bilen bir hatarda, ösüp gelýän ýaş nesliň beden taýdan sagdyn bolmagy üçin mekdep ýaşyna çenli çagalaryň we okuwçylaryň iýmitlenişi gözegçilikde saklanyp, olaryň iýmitleriniň köpdürlüligi, dürli witaminlere baý bolan gök önümler, gyzgyn nahar bilen üpjün edilişi, kadaly iýmitlenişiniň gün tertibi berk gözegçilikde saklanýar. Ýurdumyzyň saglyk öýleriniň lukmanlary, maşgala lukmanlary hem ilat arasynda dogry iýmitlenmegi yzygiderli wagyz-nesihat edýärler.
Iş ýeriňizi, peýdalanýan enjamlaryňyzy, el telefonlaryňyzy we beýleki şahsy zatlaryňyzy ýygy-ýygydan çygly süpürgiçler bilen süpüriň! Daşardan öýe geleniňizde eliňizi, ýüzüňizi, endamyň açyk böleklerini sabynlap ýuwmaly, eliňize ýörite zyýansyzlandyryjy suwuklyk çalmaly. Elleşip salamlaşmakdan, gujaklaşyp görüşmekden saklanmaly. Şahsy arassaçylyk düzgünleriniň esasylary eliňizi sabyn bilen yzygiderli ýuwmak, agyz boşlugyny duzly ergin bilen çaýkamak, burnuň nemli örtüklerine «Oksolin» melhemini çalmak bolup durýar. Ýaşalýan otaglaryň penjirelerini açyp, günüň dowamynda yzygiderli şemalladyp, howasyny tämizläp durmaly. Agyz boşlugyny duzly suw (1 bulgur gaýnadylyp sowadylan suwa 1 çaý çemçesi duzy goşmaly) bilen çaýkamaly. Otaglarda günüň dowamynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eserler toplumyndan, ylmy esasda öwrenilen üzärlik ösümliginiň guradylan otuny tüsseletmek arkaly howpsuz mikroklimaty üpjün etmeli, şeýle hem yzygiderli çygly arassaçylyk işlerini geçirip durmaly.
Kadaly iýmitlenmegi fiziki işjeňlik bilen utgaşdyrmaly. Irdenki maşklary ýerine ýetirmek ulular bilen bir hatarda çaganyň hem ukudan açylmagyna we işdäsiniň açylmagyna, günüň dowamynda şähdaçyk, işjeň bolmagyna getirýär. Eger-de çaga ýörite sport gurnaklaryna gatnamaýan bolsa, dürli oýunlary oýnamak bilen (ýüpde bökmek, halkalarda her hili maşklary ýerine ýetirmek, howluda woleýbol, futbol oýnamak, nahardan soň gezelenç etmek, welosiped sürmek we ş.m.) boş wagtyny gyzykly geçirmäge döredilen şertlerden peýdalanmaly.
Öz ýurdumyzda öndürilýän we dünýä bazarlarynyň harytlarynyň hil derejesine laýyk gelýän gökdür miwe, bakja önümlerimizi talabalaýyk arassalanandan soň, ter görnüşde ulanmaklyk hem wajypdyr. Bu iýmit önümleri ak bazarlardan we söwda merkezlerinden satyn alynmalydyr. Gündelik iýmitiň düzümi witaminlere, beloklara, dürli peýdaly minerallara baý bolmalydyr. Şu maksat bilen ter miwedir gök önümleri, et we süýt önümlerini, kakadylan miweleri köpräk iýmeli.
Gülbahar Şyhmyradowa,
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň fakultet terapiýa kafedrasynyň
lukman-laboranty.