Şu ýylyň 20-nji sentýabrynda Iordaniýada parlament saýlawy geçirildi. Ýurduň Milli geňeşiniň nobatdaky çagyryşynyň deputatlaryny saýlamak üçin geçirilen saýlawyň çäklerinde 23 saýlaw okrugy döredildi. Mejlisiň 130 deputatyny saýlamak üçin geçirilen saýlawa 1252 dalaşgär gatnaşdy. Ses berlişik ýerli wagt bilen ir sagat 07:00-da başlap, agşam 19:00-a çenli dowam etdi. Deputatlaryň palatasynda olaryň sany 150-den 130-a çenli azaldyldy. Olaryň hem 15-si zenanlara, 9-sy başga diniň wekillerine hem-de 3-si milli azlyklaryň dalaşgärleri üçin aýrylyp goýuldy.