Ýewropa film akademiýasy ýylyň iň gowularyny saýlady. 33-nji Ýewropa film baýraklarynda iň gowy film diýlip, “Ýene-de bir tapgyr” (Druk) atly film saýlandy. Daniýanyň hem-de Şwesiýanyň bilelikdäki önümi bolan kinony Tomas Winterberg surata düşürdi. Berlinde onlaýn görnüşde geçirilen dabarada jemi 4 baýrak alan filmiň baş keşbini janlandyran Mads Mikkelsen iň gowy aktýor diýlip saýlandy. Şeýle-de filmi surata düşüren Tomas Winterberg iň gowy režissýor baýragy bilen sylaglandy. Filmiň ssenariçileri Winterberg bilen Tobias Lindholm iň gowy ssenariý baýragyna laýyk görüldi. Iň gowy aktrisa diýlen ugur boýunça bolsa, “Undine” filminiň ýaş ýyldyzy, germaniýaly artisti Paula Bir ýeňiji boldy. Dabarada iň gowy dokumental film diýlip, rumyn kinosy “Collective” (režissýory Aleksander Nanau) saýlandy. Şeýle-de “Josep” iň gowy animasiýa, “The Big Hit” iň gowy komediýa baýraklaryna laýyk görüldi.