Tehnologiýanyň ösmegi bilen ýaşaýyş has hem özgerýär. Şeýle özgerişlikleriň biri hem adam durmuşynda gündelik ulanylýan, häzirki wagtda adamzat durmuşynyň aýrylmasyz bir bölegine öwrülen awtoulaglarda has ýiti duýulýar. Soňky ýyllarda sürüjisiz awtoulaglar barada hem öňegidişlikler gazanylýar. Ulagyň sürüjiden özbaşdak hereket etmegi diňe bir sürüjiniň işini ýeňilleşdirmän, eýsem, has ygtybarly bolmagy bilen tapawutlanýar. Bu ulaglar has köp sensorlar bilen enjamlaşdyrylýar. Ýörite programma ähli ulag ulgamynyň işleýşine gözegçilik edýär. Oňa ulagyň ugruny üýtgetmek, tizligini sazlamak, öňünden päsgelçilik çykanyndan tizligini peseltmek we gerek bolan halatynda durmak, şeýle hem barmaly ýerine baranyndan soňra durmak ýaly sürüji tarapyndan ýerine ýetirilmeli işleriň ählisi degişlidir. Sensorlar daşky gurşawa degişli awtoulagyň hereketi üçin zerur bolan maglumatlary yzygiderli ýygnaýar. Ulagda lidarlar, radar, kameralar we Global ýerleşiş ulgamy (GPS, Glonass) ýaly sensorlar ýerleşdirilýär.
Awtoulagyň özbaşdak hereket edişi 5 derejä bölünýär.
1-nji derejeli ulaglarda («hands on») sürüji we ulgam bilelikde işleýär. Mysal üçin: sürüji sürýär we ulgam kesgitlenen tizligi saklamak üçin hereketlendirijiniň güýjüni sazlaýar.
2-nji derejeli ulaglarda («hands off») ulgam ulagyň tizligini gataltmak, duruzmak we öwürmek hereketlerini özbaşdak ýerine ýetirýär. Sürüji ulagda diňe gözegçilik edýär we diňe gerek bolan halatynda ulagy dolandyrmaga taýýar bolup oturýar. Bu derejedäki ulagda sürüjiden gerek bolan halatynda dolandyryşy ele almak üçin rulda ellerini saklamagy talap edilýär.
3-nji derejeli ulaglarda («eyes off») sürüjiden haýal etmän jogap talap edilmeýär. Mysal üçin sürüji ulagyň hereket edýän wagty kitap okap ýa-da filme tomaşa edip biler. Sürüji öndüriji tarapyndan kesgitlenen çäkli wagtyň içinde gatyşmaga taýyn bolmaly.
4-nji derejeli ulagda («mind off») sürüjiden hemişe üns berilmeli hereketler talap edilmeýär. Mysal üçin, ol ýatyp ýa-da sürüjiniň oturgyjyny taşlap biler. Muňa garamazdan sürüş diňe bellenen giňişliklerde amala aşyrylýar.
5-nji dereje («steering wheel optional») “doly awtomatlaşdyryş” diýlip atlandyrylýar. Adamyň gatyşmagy talap edilmeýär. Bu awtoulaglary dolandyrmagyň birnäçe derejeleri bolup onuň islendik görnüşini ulanyp bolar. Awtoulagyň işleýşini barlamak üçin hünärmenler tarapyndan birnäçe testler geçirilýär. Häzirki wagtda ABŞ-nyň birnäçe ştatynda pilotsyz ulaglaryň özbaşdak hereket etmegine rugsat berilýär. Bu ugurda öňdebaryjy kompaniýalaryň biri bolan “Waymo” 2019-njy ýylda Kaliforniýanyň ýollarynda boş awtoulaglary sürmäge rugsat aldy. 2018-nji ýylyň ahyrynda kompaniýa söwda maksatly awtonom taksi hyzmaty bolan “Waymo One”-y işe girizdi. 2020-nji ýylyň ýanwar aýyna çenli “Waymo” ulaglary umumy ýollarda 20 million kilometrden gowrak ýol geçdi. Häzirki wagtda 3-nji derejeli ulaglar synagdan geçirilýär.
Özbaşdak hereket edýän ulaglaryň ýol-ulag hadysalaryny azaltmaga, ätiýaçlandyryş we gyssagly lukmançylyk çykdaýjylaryny azaltmaga, ýangyjy tygşytlamaga, ýol dyknyşygyny azaltmaga ýardam edýär.
Atajan Nurýagdyýew,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.