Her bir gününi bagtyýarlygyň, ruhubelentligiň ýalkymy bilen garşylaýan türkmen halky hemişelik Bitaraplyk syýasaty esasynda ynsanperwerligiň, dost-doganlygyň ajaýyp ýörelgelerini dünýä ýaýýar. Bu ýörelgeler syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň çäklerinde has-da giňden ýaýbaňlanýar.
Hormatly Prezidentimiziň parahatçylyksöýüjilik taglymatynyň esasynda halkymyz dünýä halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugta berjaý edýär. Türkmen halky myhmana suprasyny giňden ýazýar. Döwlet Baştutanymyzyň bu adyl syýasaty ynsanlary biri-birine ýakynlaşdyrýar, dost-dogan bolup ýaşamaga iterýär.
Milli Liderimiz tarapyndan ynsanperwer ugra has köp ähmiýet berlip, ol hem «Adam jemgyýetiň we döwletiň esasy gymmatlygydyr» diýen ýörelgeden ugur alynýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň iň gymmatly baýlygy bolan adam baradaky çäksiz alada hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş şygary bilen utgaşýar. Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli başlangyçlary esasynda halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşy ugrunda ýurdumyzda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata-babalarymyzdan gelýän hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerip, ýurdumyzda hemişelik ýaşaýan raýatlygy bolmadyk adamlary Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek boýunça yzygiderli işler amala aşyrylýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň çäginde hemişelik ýaşaýan raýatlygy bolmadyk adamlaryň müňlerçesiniň Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilmegi ynsanperwerlige esaslanýan döwlet syýasatymyzyň iş ýüzünde dabaralanýandygyny görkezýär.
Hemişelik Bitaraplygyň şanly 25 ýyllygynyň bellenilýän «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda däp bolan ynsanperwer ýörelgelerimiz mynasyp dowam etdirilýär. Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ata-babalarymyzyň adamkärçilik, ynsanperwerlik we ýagşylyk etmek ýaly däplerinden ugur alyp hem-de adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak bilen bagly halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna eýerip, raýatlygy bolmadyk adamlaryň köp sanlysynyň ýurdumyzyň raýatlygyna kabul edilmegi babatda gol çeken taryhy Permanlary ýurdumyzda adamyň jemgyýetiň esasy gymmatlygydygyny ýene-de bir gezek subut etdi.
Türkmenistan halkara ynsanperwer guramalary bilen ýakyn gatnaşyklary amala aşyrýar. 1995-nji ýyldan bäri ýurdumyzda BMG-niň Bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň Wekilhanasy işleýär. 2013-nji ýyldan bäri Türkmenistan Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň hemişelik agzasydyr. Biziň döwletimiz bu düzümler bilen işjeň gatnaşyklarda bolup, migrantlara, bosgunlara, raýatlygy bolmadyk adamlara kömek etmek, olaryň hukuklaryny goramak boýunça maksada gönükdirilen işleri geçirip, netijeli çäreleri görmek bilen dünýä bileleşiginiň tagallalaryna mynasyp goşandyny goşýar. Köpýyllyk hyzmatdaşlygyň dowamynda bu ugurda taslamalaryň we maksatnamalaryň onlarçasy amala aşyryldy.
Raýatlyga kabul edilen adamlar hem-de ýurdumyzda ýaşamak üçin ygtyýarnama berlen daşary ýurtlular hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwletimizde halkymyz üçin döredilýän ähli mümkinçiliklerden peýdalanyp, parahat asmanyň astynda ýaşarlar.
Garaşsyz Türkmenistan özüniň hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýyna daýanyp, dünýä çykýar, hemişe umumadamzat ähmiýetli wezipeleriň oňyn çözgüdiniň tapylmagy ugrunda işjeň hereket edýär. Dünýä halklarynyň abadançylygy ugrunda uly tagalla edýän mähriban Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlarynyň dowamat-dowam, hemişelik Bitarap döwletimiziň asudalyk, parahatçylyk ýolunyň röwşen bolmagyny arzuw edýäris.
Dürli ARSLANOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet
uniwersitetiniň mugallymy.