Ýaponiýanyň dünýä belli awtoulag öndüriji korporasiýasy «Subaru» ünsüni elektrik togy bilen işleýän ulaglaryň önümçiligine gönükdirdi. Kompaniýa elektrikli ulaglaryň önümçiligine has köp ähmiýet berip, Ýewropa bazaryndaky ornuny has-da berkitmekçi bolýar. Kompaniýanyň taýýarlan şeýle görnüşdäki ulagy öňümizdäki ýylyň birinji ýarymynda satuwa çykarylar.
Kompaniýa bu ugurda dünýä belli ýene-de bir ýapon kompaniýasy «Toyota» bilen hyzmatdaşlyk edýär. Täze ulag «Forester» modeline golaý bir model bolar. Ol hem «Toyota» bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylar.
Ulagyň bu görnüşi Ýewropanyň howanyň üýtgemegine garşy göreşmek babatda alyp barýan maksatnamalarynyň çäklerinde öndürilýär. Ýewropa sebitinde soňky ýyllarda elektrik togy bilen işleýän ulaglara has köp ähmiýet berilýär. Sebitiň ähli ýerinde öňümizdäki ýyllarda benzin we dizel ýangyçlary bilen işleýän ulaglaryň sanynyň azaldylmagy babatda degişli işler alnyp barylýar.
Rasul ATAÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.