Hormatly Prezidentimiz 25-nji dekabrda geçirilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde dünýäde giňden ýaýran koronawirus ýokanjyna garşy göreş bilen bagly meselelere ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň çäklerine täze koronawirus ýokanjynyň aralaşmagyna ýol bermezlik maksady bilen ähli zerur çäreleriň öz wagtynda berjaý edilendigini habar berdi. Bu howply keseliň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, diňe serhetde däl, ýurdumyzyň içinde hem bellenilen çäreler dowam etdirilýär. Ýurdumyzda agyz-burun örtügini dakynmak düzgüni we beýleki profilaktiki çäreler girizildi. Sebäbi häzirki wagtda dünýäde pandemiýa bilen bagly örän çylşyrymly ýagdaýlar dowam edýär. Şoňa görä-de, ähli ýurtlaryň alymlary bu howply ýokanja garşy netijeli serişdeleri gözläp, köp sanly barlaglary geçirýärler diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de şu meselede buýan köküniň şol serişdeleriň biri bolup biljekdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçysy S.Toýlyýewe bu meseläni mundan beýläk-de ylmy tarapdan düýpli öwrenmegi, saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowa bolsa ozaldan işläp gelýän dermanhanalary döwrebaplaşdyrmagy we täzelerini gurmagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, biziň çölümizde-sähramyzda dürli ot-çöpler näçe diýseň bar. Parasatly ata-babalarymyzdan dertlere garşy netijeli ulanylan, şypa beriji dürli melhem otlar hem bize miras galdy. Häzirki lukmançylyk ylmy bolsa, bu ösümlikleriň birwagtlar ýönekeý usullarda anyklanan gymmatly häsiýetleriniň bardygyny tassyklaýar. Diňe tassyklamak hem däl, olary öwrenmek we netijeli ulanmak üçin giň mümkinçilikleri-de açýar.

Buýan köki ylmy we halk lukmançylygynda içde döreýän keselleri, üsgülewük, böwrek, ýokarky dem alyş ýollarynyň hem-de onkibarmak içegäniň kesellerini bejermekde ir wagtlardan bäri dermanlyk serişde hökmünde ulanylyp gelinýär.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň derman serişdeleriniň ýygyndysyndaky sanawda bu ösümlik 1-nji bäşlikde durýar. Süýji buýanyň düzüminde 23 göterime çenli glisirrizin turşusy bar. Glisirrizin turşusynyň esasynda allergiýany, sowuklamany, bronh demgysmasyny, süýjüli başy (ekzemany) bejermekde we wiruslara garşy ulanylýan dermanlar taýýarlanýar. Onuň adamyň kesellere garşy immun durnuklylygyny berkidýändigi hem anyklanyldy. Häzirki döwürde bu ösümlik 350-den gowrak derman serişdesiniň düzümine goşulýar.

Alymlar bu ösümlikdäki işjeň madda bolan glisirrizin turşusynyň häzirki döwürde bütin dünýä bolup garşysyna göreşilýän täze koronawirus pandemiýa ýokanjynyň ýaýramagynyň öňüni alýandygyny belleýärler. Buýan köküniň şiresiniň az mukdary hem bu ýokanjy ýok etmekde gowy peýda berýär. Bu bolsa glisirrizin turşusynyň ýokançlara garşy täsirini düýpli öwrenmegiň zerurdygyny görkezýär.