Germaniýanyň “Volkswagen” kompaniýasy geljekde elektrokarlara zarýad berýän robotlaryň nähili işlejekdigini görkezýän wideo ýaýratdy. Wideoda özbaşdak hereket edýän robotlar ulaga zarýad berenlerinde adamyň hiç hili dahyly bolmazdan, bu işiň ähli basgançaklaryny ýerine ýetirýär. Dünýäniň iň köp awtoulag satýan kompaniýalarynyň biri bolan “Volkswagen” soňky wagtda elektroulag önümçiligine aýratyn ähmiýet berýär. Geljekde emeli aň bilen işleýän robotlaryň ýerasty awtoduralgalarda ulaglara zarýad bermegi ýola goýlar. Nemes brendi bir ýyl ozal şeýle roboty işläp taýýarlajakdygyny mälim edipdi. Häzirki wagtda bu robotyň nusgalyk görnüşi taýýarlandy. Ýakyn geljekde zarýad berýän bu mobil enjamlaryň awtoduralgalarda ulanylyp başlanjakdygy mälim edildi.
Amangeldi Baýramow,
S.A Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.