Formula 1-iň dünýä belli sürüjisi, şu möwsümde 7-nji çempionlygyny gazanan Lýuwis Hamiltona “Ser” tituly berildi. Mundan soň oňa “Ser” (Sir) Lewis Hamilton diýiler. Hamilton bu titula laýyk görlen 4-nji F1 sürüjisi boldy. Ondan öň britaniýaly pilotlardan Stirling Moss bilen Jeki Stýuwart hem-de awstraliýaly Jek Brebham Ser tituly bilen sylaglanypdy.

Täze ýylyň öňýanynda Hamilton bilen bir hatarda, pandemiýa garşy göreş alyp baran käbir şahsyýetlere-de bu titul berildi.