ABŞ-nyň Miçigan ştatynda ýaşaýan Kateri bilen ýanýoldaşy Jeý Şwandtyň 14 oguldan soň, gyz bäbekleri dünýä indi. Bu barada “Detroit Free Press” habar berýär. Geçen ýylyň ahyrlarynda dünýä inen bu gyzjagaza olar Meggi Jeýn diýip at goýdular. 15 çaganyň kakasy Jeý bu barada: “Megginiň dünýä inmegi, onuň maşgalamyzyň agzasy bolmagy, biziň maşgalamyza goşulmagy hemmämizi diýseň begendirdi. 2020-nji ýyl umumylykda ýatdan çykmajak dürli wakalara baý boldy. Ýöne Meggi biziň üçin uly peşgeş boldy” diýip, gürrüň berdi. Ikisi hem 45 ýaşynda bolan Kateri bilen Jeý Şwandtyň ogullary Taýler, Zek, Drýuw, Brendon, Tommi, Winni, Kalwan, Geýb, Wesli, Çarli, Lýuk, Taker, Fransisko hem-de Finliden soň dünýä inen 15-nji çagalary bilen bilelikde, maşgalanyň agza sany 17-ä çykdy.