Ynsanyň ýaşaýşy ene gujagyndan başlanýar. Enäniň öz perzendini ese-boýa galdyrýança edýän uçursyz aladasyny hiç bir zähmet bilen deňäp bolmasa gerek. Perzendiniň sagdyn, edep-terbiýeli bolup ýetişmegi ugrunda heniz ol dogulmanka alada edip ugraýan enäniň hormat-sylagyny nädip ölçäp bolar? Enäniň çagasy üçin kerem-keramatdygyna Beşer Hafy al-Merweziniň «Ene-atanyň perzendine edýän dogalary bir pygamberiň ymmatyna eden dogasy ýalydyr» diýen sözleri hem tassyklaýar.
Enäniň sarpasyny tutup, ony mukaddeslige deňäp, waspyny ýetirmäge synanyşmadyk şahyrana ýürek, megerem, ýok bolsa gerek. Her bir işde bolşy ýaly, döredijilikde hem bize görelde mekdebi bolan hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym» atly eserini halkymyza ýetirmegi ajaýyp bir waka boldy. Hormatly Prezidentimiziň eserinde ene mukaddesligine sarpa goýmagyň her bir ynsanyň belent borjudygy aýdylýar hem-de şol mukaddeslige doly göz ýetirmäge, onuň gadyr-gymmatyny bilmäge tarap alyp barýan ýol aýdyňlyk bilen görkezilýär.
Ynsan sarpasyny belent tutýan hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym» atly eseriniň «Sözden başlanýan ägirtlik», «Öý-ojagyň gelşigi», «Ene – ulus-iliň enesi, çäksiz hormat eýesi», «Ene – döwletlilik» atly çuňňur many-mazmuna ýugrulan her bir bölüminde enä bolan belent buýsanç, sarpa, gadyr-gymmat örboýuna galýar. Ene mukaddesligi beýik söz sungatynyň üsti bilen çäksiz ylham, joşgun bilen beýan edilýär. Eserde ene başlangyç, ähli zadyň sakasy hökmünde suratlandyrylýar. Hakykatdan hem, her bir ene öz perzendini dünýä getirmek bilen, ilki oňa ene dilini öwredip, soňra terbiýe bermek bilen, täze bir dünýäniň başlangyjyny goýýar, täze şahsyýet öz enesinden alan asylly ahlagy, belent terbiýesi, ýagşy göreldesi esasynda tutuş bir ýurdy, bütin dünýäni özgertmäge, has hem gözelleşdirmäge ukyply bolýar. Munuň şeýledigine, dünýäniň görnükli ýazyjy-şahyrlarynyň, sungat adamlarynyň, döwlet işgärleriniň, hususan hem, hut milli Liderimiziň mysalynda aýdyň göz ýetirip bilýäris.
Eseriň «Sözden başlanýan ägirtlik» diýen bölüminiň başynda berilýän rowaýatda ene perişde hökmünde suratlandyrylýar. Rowaýatda enäniň ajaýyp häsiýetleri, perzendi üçin ähli zada taýyndygy, hatda özüni gurban etmäge hem häzir boljakdygy beýan edilýär. Bu bolsa şol häsiýetleriň enäniň asyl ýaradylyşynda goýlan häsiýetlerdigini görkezýär. Hormatly Prezidentimiz bu ajaýyp rowaýata ýüzlenmek bilen eneleriň ýaradylyşy boýunça kämildiklerini, öz perzentlerine bolan uçursyz söýgä, tükeniksiz mähir-muhabbete, soňsuz jepakeşlige eýediklerini açyp görkezmek isleýär. Eserde hormatly Prezidentimiz: «Adam ogly nähili güýçli, paýhasly, edermen bolaýsyn, ol özüni dünýä inderen, jigerinden jan beren ynsanyň öňünde indi kemala gelmeli, hemişe goralmaly çaga mysalydyr. Çünki enäniň perzendine bolan söýgüsiniň ornuny tutup biljek gudrat heniz jahana inen däldir» diýmek bilen, ene mukaddesligine, ene söýgüsine dünýädäki iň beýik, iň ygtybarly, iň ynamdar zat hökmünde baha berýär, enä bolan uçursyz sarpasyny äşgär edýär.
Maşgala binýadynyň berk bolmagy, onuň hemişe abat saklanmagy babatda eneleriň ägirt uly, başga hiç bir zat bilen çalşyryp bolmajak hyzmaty aýdyň bolýar. Maşgalany abadan saklamak, Watana, il-güne haýyrly ogul-gyzlary ýetişdirmekde türkmen zenanlary akyl zähmetini hem, el zähmetini hem gaýgyrmandyrlar, elleri keşde çekip, gaýma gaýasa, dillerinde hüwdi, nakyl, erteki ýaly öz perzentlerine halallygy, dogruçyllygy, zähmetsöýerligi, merdanalygy, watançylygy öwredýän eserler ýaňlanypdyr.
Djanet Hudaýkulyýewa,
Türkmenabat Halkara howa menziliniň resmi
wekiliýetlere hyzmat ediş gullugynyň uly agenti.