Gyş paslynyň adam bedeniniň dürli kesellere garşy göreşijilik ukybynyň pese gaçýan döwründe ony ýokarlandyrmak üçin diňe bir derman serişdelerini ulanmak bilen çäklenilmeli däldir. Dürli ot-çöpler, miweler we beýleki önümler hem adam bedeniniň immun derejesini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Bu önümler özüniň düzümindäki baý minerallar bilen adam bedenine gowy täsirini ýetirýär.

Şeý­le önüm­le­riň bi­ri hem li­mon­dyr. Açyk sa­ry reňk­li mi­we bo­lan li­mon özü­niň öz­bo­luş­ly hä­si­ýet­le­ri bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Li­mon mi­we­si­niň dü­zü­mi ýo­kum­ly mad­da­la­ra baý­dyr. On­da C wi­ta­mi­ni, şeý­le hem R we W wi­ta­min­le­ri, fos­fo­ryň, ka­li­niň, kal­si­niň duz­la­ry bar. Ter li­mon efir ýa­gy­ny, li­mon su­wu­ny, li­mon kis­lo­ta­sy­ny al­mak üçin hem ula­nyl­ýar.
Sit­rus mi­we­si ha­sap­lan­ýan li­mo­nyň wa­ta­ny Hin­dis­tan, Hy­taý we Ýu­waş um­ma­nyň tro­pi­ki ada­la­ry bolup, subt­ro­pi­ki ho­wa şert­le­ri bo­lan köp ýurt­da hasyly alynýar. GDA ýurt­la­ryn­da we Mer­ke­zi Azi­ýa­da ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýän bu ösüm­lik bi­ziň ýur­du­myz­da hem giň­den ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýär.
Dün­ýä­de her ýyl tak­my­nan 14 mil­li­on ton­na li­mon ýyg­nal­ýar. Bu ugur­da öň­de­ba­ry­jy ýurt­lar Hin­dis­tan we Mek­si­kadyr (dün­ýä­dä­ki ha­sy­lyň tak­my­nan 16%-i). Ita­li­ýa­da we ABŞ-da hem li­mo­nyň köp muk­da­ry ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýär.
Mi­we­sin­de ep-es­li or­ga­ni­ki kis­lo­ta­lar, şe­ker (3,5%-e çen­li), ka­ro­tin, fi­to­nid­ler, wi­ta­min­ler, as­kor­bin kis­lo­ta­sy (0.085% -e çen­li) we beý­le­ki mad­da­lar bar. To­hum­la­ryn­da ýag we ajy li­mo­nin bar. Li­mo­nyň mi­we­si to­hu­my bi­len bir ha­tar­da ýap­ra­gy hem peý­da­ly­dyr. Ýap­rak­la­ryn­da 55–880 mg C wi­ta­mi­ni bar­dyr.
Li­mon ter­li­gi­ne iýil­ýär, kon­di­ter önüm­le­ri we al­ko­gol­syz iç­gi­leri ön­dür­mek­de, atyr önüm­çi­li­gin­de hem ula­nyl­ýar. Li­mon ýa­kym­ly ysy üçin dür­li mi­we iş­däa­çar­la­ryn­da, süý­ji ta­gam­lar­da hem giň­den peý­da­la­nyl­ýar. Onuň şi­re­si dür­li ta­gam­la­ryň, gow­ru­lan ba­lyk­la­ryň, so­wuk iý­mit­le­riň, sa­lat­la­ryň ta­ga­my­ny ýo­kar­lan­dyr­ýar. Li­mon kis­lo­ta­sy giň­den peý­da­la­nyl­ýan önüm­le­riň bi­ri­dir.
Li­mon­yň düzüminde adam­ bedeni üçin peý­da­ly mad­da­lar köp bolup, dürli keselleriň öňüni alýar. Bu miwe wi­ta­min ýet­mez­çi­li­gi üçin hem ula­nyl­ýar. Li­mon­da li­mon kis­lo­ta­sy bolup, in­çe­ke­sel we beý­le­ki ýo­kanç ke­sel­ler üçin öňü­ni alyş se­riş­desi hök­mün­de ula­nyl­ýar.
Bu mi­wä­niň şi­re­si hem peý­da­ly­dyr. Li­mon su­wy ag­zyň we bo­kur­da­gyň çiş­me­gi­niň öňüni almaga ýardam ed­ýär. My­sal üçin bo­kur­dak agy­ry­nyň öňü­ni al­ýar. Li­monyň dü­zü­min­dä­ki C wi­ta­mi­niniň ko­ro­nar ýü­rek ke­sel­le­rin­den go­raý­jy tä­si­ri bar­dyr.
Li­mon kis­lo­ta­sy iý­mit­de kal­si­niň we mag­ni­niň siň­me­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ýar. Mun­dan baş­ga-da, li­mo­nyň kö­me­gi bi­len de­m­riň siň­di­ril­me­gi hem ar­typ bi­ler. Gys­ga­ça aý­dy­lan­da, li­mon su­wy iý­mit­den has köp ne­ti­je­li­lik al­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär we iý­mit­le­riň siň­di­ril­me­gi­ne tä­si­ri ulu­dyr.

Re­sul AN­NA­ÝEW,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.