Gananyň Prezidenti Nana Akufo-Addo ikinji gezek döwlet Baştutany wezipesini ýerine ýetirmek üçin kasam kabul etdi. Prezident ikinji döwürde ýurduň ösüş, abadançylyk we ösüş ýoluna başlamagyna kömek etmek üçin ähli tagallalary etjekdigini aýtdy. Ol halky döwlet gurluşynda agzybirlige çagyrdy. N. Akufo-Addo 1944-nji ýylyň martynda dünýä indi. 2016-njy ýylyň dekabrynda ilkinji gezek Gananyň Prezidenti saýlandy. Akufo-Addo geçen ýylyň 7-nji dekabryndaky prezident saýlawynda ikinji möhlete dalaşgär bolup, üstün çykypdy.