Lukmanlaryň bellemegine görä, adamyň ruhubelent bolmagy saglygyna hem oňyn täsir edýär. Gyş paslynyň dowam edýän häzirki günlerinde her kim öýde oturanyny kem görenok. Bu ýagdaý bolsa gündelik durmuşda hereketsiz galmaga sebäp bolýar. Hereketsizlik bolsa, saglyga ýaramaz täsirini ýetirýär. Londonyň patyşalyk kollejiniň hünärmeni, lukman Brendon Stabbs gyş paslyny ruhubelent geçirmek bilen bagly birnäçe maslahatlary berdi. Lukmanyň bellemegine görä, adamyň bedeni bilen ruhy bitewidir. Ol maşk etmegiň bedeniň endorfin bölüp çykarmagyny çaltlandyrýandygyny tassyklaýar. Bu ýagdaý bolsa adamyň gaýgy-aladasyny azaldyp, göwnüni göterýär. Stabbsyň ýolbaşçylyk edýän toparynyň geçiren barlaglaryna görä, maşk beýniniň duýgular bilen bagly bölegindäki işjeňligini artdyrýar.
Lukman maşk edilmedik halatynda, beýniniň işjeňliginiň azalýandygyny belleýär. Hereketsiz durmuşyň stresiň esasy sebäpleriniň biridigi bellenilýär. Lukman Stabbs ýöremegiň, mellekde ekin-dikine güýmenmegiň ýa-da welosiped sürmegiň adam saglygyna we beýniniň işjeňligine oňaýly täsir edýändigini aýdýar. Lukman her gün sport bilen 10 minut meşgullanmagyň hem beýniniň işjeňligini artdyrmaga ýardam edýändigini tassyklaýar.
Müň gaýgy bir iş bitirmez
Oksford uniwersitetiniň professory Jennifer Waýld gereginden artyk aladalaryň adam saglygyna zeper ýetirýändigine ünsi çekip, gowy endikleri hemra edinmegiň gaýgy-aladadan dynmaga ýardam berýändigini öňe sürýär. «Haýsy-da bolsa bir mesele barada 30 minutdan köp alada edýän bolsaňyz we onuň çözgüdini tapmaýan bolsaňyz, onda iň gowusy ol barada pikir etmegiňizi bes ediň!» diýip, professor maslahat berýär. Hünärmen mesele barada däl-de, onuň çözgüdi barada oýlanmalydygyny belleýär. Hünärmen emele gelen kynçylygy aradan aýyrmak üçin tapgyrlaýyn çözgütleri tapmaga girişmelidigini maslahat berýär.
Täze maksat tutunmaly
Newrolog lukman Dean Burnett täze maksat tutunmagyň gaýgylardan saplanmaga ýardam edýändigini tassyklaýar. Onuň pikiriçe, siziň täze maksadyňyz dil öwrenmek ýaly has çylşyrymly iş hem bolup biler, täze bir nahar taýýarlamagy öwrenmek ýaly ýönekeýräk zat hem bolup biler. Burnett uly işler sizi ýaýdandyrýan bolsa, kiçiräk maksatlary durmuşa geçirmegi maslahat berýär. Lukman täze bir zatlary öwrenmegiň özüňi arzyly duýmaga ýardam edýändigini aýdýar. Adam islendik işi belli bir maksat bilen ýerine ýetirende, has höwesek bolýar.
Köpräk gürrüňdeş bolmaly
Lukmanlar kimdir biri bilen gepleşmegiň hem adam saglygyna oňyn täsirini ýetirýändigini belleýärler. Uzak wagtlap öýde oturmak hem adamy ýadadýar. Londondaky patyşalyk kollejiniň professory Elizabet Kuýpers kimdir biri bilen gürleşilende adamyň özüni has oňat duýýandygyny tassyklaýar. Kuýpers ýekeligiň gaýgy-aladany has hem artdyrjakdygyny aýdýar. Onuň pikirine görä, haýsydyr bir aladaňyz bar bolsa, oňa başgaça garap biler öýdýän adamlaryňyzdan maslahat soramaly. Munuň üçin ýüzbe-ýüz görüşmegiň zerur däldigi, telefon arkaly gepleşmegiň hem ýeterlikdigi bellenilýär.
Kembrij uniwersitetiniň hünärmeni Oliwiýa Remes islendik meselä oňyn seredýänleriň uzak ýaşaýandygyny, adamlar bilen gowy gatnaşyk saklaýandygyny we bedeniniň gorag ulgamynyň güýçlüdigini belleýär.
Baýramgylyç ORAZGELDIÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.