Te­bi­gat­da ös­ýän her bir ösüm­li­giň gü­lü­niň öz­bo­luş­ly ysy bol­ýar. Mek­si­ka­da ös­ýän kos­mos maş­ga­la­sy­na de­giş­li gül­le­riň ysy şo­ko­la­dy ýat­lad­ýar. Kos­mos gül­le­ri­niň bir­nä­çe gör­nü­şi bo­lup, ola­ryň şo­ko­lad ys­ly­sy­na la­tyn­ça «Cos­mos at­ro­san­gui­ne­us» di­ýil­ýär. Onuň ýör­gün­li ady şo­ko­lad kos­mosy bo­lup, bu ösüm­lik te­bi­gy şert­ler­de ös­ýär. Şeý­le-de bol­sa, bu ösüm­lik 1885-nji ýyl­dan bä­ri me­de­ni usul­da ös­dü­ri­lýär. Köp­ýyl­lyk ösüm­li­giň uzyn­ly­gy or­ta­ça 40-60 san­ti­met­re, ýap­rak­la­ry­nyň uzyn­ly­gy 7-15 san­ti­met­re ýet­ýär. Ösüm­li­giň gü­lü­niň dia­met­ri 4,5 san­ti­metr­den geç­me­ýär. Şo­ko­lad kos­mos ynyň ýap­rak­la­ry­nyň sa­ny 6-10 ara­ly­gyn­da bo­lup, köp­lenç se­kiz ýap­rak­ly bol­ýar. Bu ösüm­li­giň iň tä­sin ta­ra­py ýa­kym­ly ysy­dyr. Şeý­le hem ösüm­li­giň gü­li go­ýy gy­zyl bol­ýar. Bu gül­le­riň ysy di­ňe adam­la­ry däl, eý­sem, haý­wan­la­ry we mör-mö­jek­le­ri hem özü­ne ma­ýyl ed­ýär. Hä­zir­ki wagt­da te­bi­gat­da ga­ty seý­rek duş gel­ýän bu ösüm­lik me­de­ni usul­da has köp ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýär.
Döwlet DURDYÝEW,
Türk­men oba ho­ja­lyk ins­ti­tu­ty­nyň mugallymy.