Dün­ýä­niň iň gu­rak ýe­ri Ýer ýü­zü­niň gü­nor­ta pol­ýu­sy­ny gap­la­ýan An­tark­ti­ka ha­sap­lan­ýar. Äpet buz gat­la­gy bi­len ör­tü­len hem bol­sa otu­rym­ly ýa­şaý­jy­sy bol­ma­dyk bu yk­ly­myň köp ýe­ri­ne 2 mil­li­on ýyl­dan bä­ri ýa­gyn ýag­man­dy­gy çak­la­nyl­ýar. Bu yk­ly­ma düş­ýän ýyl­lyk or­ta­ça ygal Sa­ha­ra çö­lü­niň­ki bi­len deň – 25 mm. An­tark­ti­ka­nyň 2 gö­te­ri­mi­ni eme­le ge­tir­ýän Gu­rak jül­ge­ler at­ly bö­le­gin­de bol­sa, buz we gar ör­tü­gi ýok bo­lup, bu ýe­re hiç hi­li ýa­gyn ýag­ma­ýar.
Ýer ýü­zün­dä­ki ikin­ji gu­rak ýer Çi­li­dä­ki Ata­ka­ma çö­li ha­sap­lan­ýar. Bu çö­lüň kä­bir ýe­ri­ne 400 ýyl­dan bä­ri hiç hi­li ýa­gyş ýag­man­dyr. Bu ýe­re ýyl­lyk düş­ýän yga­lyň muk­da­ry ba­ry-ýo­gy 0,1 mm.
An­tark­ti­ka dü­nýä­niň iň gu­rak ýe­ri­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, iň köp suw­ly ýe­ri hem ha­sap­lan­ýar. Dün­ýä­dä­ki süý­ji su­wuň 70 gö­te­ri­mi bu buz­luk­lar­da sak­lan­ýar. Şeý­le hem An­tark­ti­ka dün­ýä­de iň köp ýel öwüs­ýän ýer ha­sap­lan­ýar. Bu ýer­dä­ki şe­mal so­wuk ho­wa­nyň Ýe­riň dar­tyş güý­ji ze­rar­ly aşak çe­kil­me­gi­niň ne­ti­je­sin­de eme­le gel­ýär. Bu ýer­de tiz­li­gi sa­gat­da 320 km-e ýet­ýän ýel öwüs­ýär.
Edil An­tark­ti­ka­da bol­şy ýa­ly, Çi­li­de hem äpet buz­luk­lar bar. And dag­la­ry­nyň bu ýurt­da gal­ýan bö­le­gin­dä­ki Brüg­gen buz­lu­gy­nyň uzyn­ly­gy 57 ki­lo­met­re ýet­ýär. Beý­le­ki buz­luk­la­ryň ter­si­ne Brüg­ge­niň meý­da­ny 1945-nji ýyl­dan bä­ri gi­ňe­ýär. 1962-nji ýyl­da bu buz­luk Gre­we at­ly köl bi­len onuň bi­rig­ýän deň­zi­niň ara­ly­gyn­da bent eme­le ge­ti­rip­dir. Bu buz­luk uzyn­ly­gy 360 ki­lo­met­re, ini 40-90 ki­lo­met­re ýet­ýän Gü­nor­ta Pa­ta­gon­ýa buz pla­to­sy­nyň bir bö­le­gi­dir. Gü­nor­ta Pa­ta­gon­ýa buz pla­to­sy Çi­li­niň hem-de Ar­gen­ti­na­nyň çäk­le­rin­de ýer­leş­ýär.

Buz­lar ba­ra­da tä­sin mag­lu­mat­lar
Um­man­lar­da ýü­züp ýö­ren äpet buz­lar (aýs­berg) gu­ry ýer­dä­ki buz­la­ryň dö­wül­me­gi ne­ti­je­sin­de eme­le gel­ýär.
Aýs­ber­giň suw­dan ýo­kar­da­ky bö­le­gi 200 met­re, uzyn­ly­gy bir­nä­çe ki­lo­met­re ba­ra­bar bol­ýar.
Köp bö­le­gi buz­luk­lar bi­len ör­tü­len Gren­lan­di­ýa ada­syn­dan hem ýyl­da 10 müň­den gow­rak äpet buz bö­le­gi go­pup deň­ze ara­laş­ýar.
Bö­lü­nen buz bö­lek­le­ri ho­wa­nyň ýy­ly bol­ma­gy we tol­kun­la­ryň tä­si­ri bi­len ere­ýär.
Aýs­ber­giň su­wuň aşa­gyn­da gal­ýan bö­le­gi ýo­kar­syn­da­ky bö­lek­den 10 es­se hat­da has uly hem bo­lup bil­ýär.
Be­ýik dag ge­riş­le­rin­de gy­şyn-ýa­zyn ere­me­ýän buz we gar gat­la­gy bol­ýar. Ola­ryň dag ete­gi­ne has ýa­kyn ta­ra­py tom­su­na eräp, der­ýa­dyr çeş­me­le­ri eme­le ge­tir­ýär.
Dag de­pe­le­rin­dä­ki buz­luk­lar eke­ran­çy­lyk, mal­dar­çy­lyk üçin we gün­de­lik dur­muş­da ula­nyl­ýan süý­ji su­wy üp­jün ed­ýär.
Dag de­pe­le­rin­de bu­zuň eme­le gel­me­gi şol ýe­riň haý­sy ge­og­ra­fik gi­ňiş­lik­de ýer­leş­ýän­di­gi­ne bag­ly bo­lup dur­ýar. My­sal üçin ek­wa­tor gu­şak­ly­gyn­da (45°) de­ňiz de­re­je­sin­den 4 400 m, Alp dag­la­ryn­da (45°) 2500 m, Nor­we­gi­ýa­da (60°) 1500 m be­lent­lik­de he­mi­şe­lik buz­luk­lar eme­le gel­ýär.
Ýer şa­ry­nyň gü­nor­ta we de­mir­ga­zyk pol­ýus­la­ryn­da deň­ziň ýü­zi hiç hi­li be­lent­lik bol­ma­sa hem buz gat­lak­la­ry bi­len ör­tü­len­dir.